1400 – 1600-nji ýyllarda harby gämileriň serkerdeleri birikmesindäki gämiler bilen habarlaşmak, belli habarlary ibermek üçin alawly ok atmak arkaly ýa-da öz gämilerini öňünden kesgitlenen belli bir ugra sürmek arkaly aýtmak isleýän habaryny beýan edipdirler.
1777-nji ýylda Amerikanyň deňiz araçäklerinden geçen Beýik Britaniýanyň Deňiz harby flotunyň serkerdesi admiral Riçard Hau baýdajyklar arkaly habarlaşmak usulyny oýlap tapypdyr.
Bu usulda her bir harp baýdajygyň hereketleri bilen düşündirilýär. Flotuň admiraly Home Riggs Popham bu baýdajyk elipbiýini has-da ýeňilleşdiripdir.
1817-nji ýylda Beýik Britaniýanyň Deňiz harby flotunyň ýüzbaşysy Frederik Marriet baýdajyk bilen dünýä giňişliginde habarlaşmak elipbiýini taýýarlapdyr, ony kämilleşdiripdir. Bu elipbiýi bütindünýä guramalary kabul edipdir. Häzirki döwürde habarlaşmak usullary näçe kämil hem bolsa, baýdak bilen habarlaşmak usuly entek-enteklerem ulanylýar.