Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň paýtagty gözel Aşgabatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barha golaýlaýar. Bütin dünýäniň sportsöýüjilerinde çuňňur gyzyklanmalary artdyrýan bu sport forumyny üstünlikli garşylamak ýurdumyzy toplumlaýyn esasda gurşap aldy. Ajaýyp döwrümizde saglyk we sagdyn durmuş hakyndaky ýörelgeler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda, adamlaryň ruhy we medeni durmuşynyň ýokarlanmagynda äşgär duýulýar. Munuň özi halk ruhubelentliginiň aýdyň nyşanydyr.
Häzirki wagtda öňde boljak iri sport ýaryşlaryna taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu işleri hemişe üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiz 25-nji iýulda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, nobatdaky gezek 157 gektara ýaýylyp gidýän Olimpiýa şäherjiginde emele gelen taýsyz desga – 45 müň orunlyk stadiona bardy. Döwlet Baştutanymyz gaýtalanmajak gözel keşbe eýe bolan stadionyň enjamlaşdyrylyşyna we onuň oýunlaryň alawyny ýakmak dabarasyna taýýarlygyna ünsi çekdi. Älem-jahana nuruny çaýjak Aziadanyň alawy 17-nji sentýabrda ýalkym saçar.
Sowgat – raýdaşlygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynda uly hormatyň nyşany. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat 2017-ä gatnaşjak myhmanlary ýurdumyzda öndürilýän dürli milli sowgatlyklar bilen garşylamak sport forumynyň esasy işleriniň biri bolup durýar. Şu jähetden häzirki döwürde ýurdumyzyň tikin fabriklerinde sowgatlyk sport lybaslarynyň toplumlary, baýramçylyk lybaslarynyň dürli görnüşleri taýýarlanyldy. Paýtagtymyzdaky Modalar öýüniň zynatçylary tarapyndan taýýarlanan önümler owadanlygy, milli şekilleriň öwüşginliligi bilen tapawutlanýar.
Aşgabat 2017 üçin taýýarlanan sowgatlyk önümleriniň hatarynda, bulardan başga-da, gaýyş torbalar, türkmen buýsanjy bolan ahalteke bedewiniň we türkmen alabaýynyň şekilleri, Aşgabat 2017-niň nyşanlary ýerleşdirilen goşar sagatlary, milli nagyşlar salnan el we egin torbalary, nurana nagyşly tahýalar, alajalar, sport aýakgaplary, lybaslary, ýazuw depderleri, dürli görnüşli galamlar, bezegli gollanma neşirleri bar.
Aşgabat Aziadasynyň dowam etjek günlerinde transport serişdeleri hem öz mynasyp hyzmatyny hödürlär. Şol günler gözel paýtagtymyzyň ýollarynda täze awtomobilleriň dürli görnüşleri – taksiler, awtobuslar we kiçi awtobuslar hereket eder. Ýolagçylar üçin doly amatlyklara eýe bolan ulaglar sagdynlygyň we ösüşiň mekany bolan ýurdumyzyň okgunly öňe barýan ugurlarynyň biri hökmünde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda çuňňur kanagatlanma döreder.
Olimpiýa şäherjiginiň tutuş gurşawyna nazar aýlanyňda, kalbyňy iň ýakymly duýgular gurşap alýar. Olimpiýa şäherjiginde Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan köpugurly sport desgalaryna bildirilýän ähli talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylan desgalaryň birnäçesi bar. Ýaýlymly-ýaýrawly binalarda geçiriljek türkmen milli göreşi, konkur, küşt, bilýard, taýboks, suwda ýüzmek, tennis, bowling, kuraş, sambo, jiu-jitsu, welosport, agyr atletika, ýeňil atletika, basketbol, taekwondo, futzal, kikboksing, guşakly göreş, sport göreşi, sport tanslary, umuman, “Sagdynlyk, Ruhubelentlik, Dostluk” diýen belent şygar astynda sportuň 21 görnüşiniň bäsleşikleriniň ruhubelentlige beslenjekdigini aýratyn belläsimiz gelýär. Şu işleriň netijesinde, Aşgabat 2017 dünýä halklaryny sagdynlygyň, ruhubelentligiň, dostlugyň belent baýdagynyň astynda jem edip, dünýä taryhyna altyn harplary ýazar. Ýeri gelende bellesek, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanan pursatynda onuň tertipnamasynda sportuň 19 görnüşi bolan bolsa, häzir onuň sany 21-e ýetdi. Şeýle hem ilkibaşda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň sany 37 bolan bolsa, häzir ol ýurtlaryň sany 64-e ýetdi. Munuň özi paýtagtymyzda geçiriljek Aşgabat 2017-niň derejesiniň örän ýokarydygynyň subutnamasydyr.
Hawa, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti, Aziýa Olimpiýa geňeşiniň Hormat ordeniniň eýesi hormatly Prezidentimiziň hemişelik aladasy bilen bu günki gün türkmen sportuny ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde gün-günden rowaçlyklara eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegi Bitarap ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Bu sport forumynyň geçirilýän günlerinde Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň köp sanly adamlary üçin parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň ýurdy hökmünde has-da abraýy artar. Bu işleriň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň miwesidir.
Goý, ýurdumyzyň halkara sport abraýynyň ýokarlanmagy üçin nusgalyk işleri amala aşyrýan eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, belent tutumly işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin!
Mahbuba GAFUROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
uly mugallymy.