Ynsan ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi bolan tebigat dürli täsinliklere eýe. Tebigatyň her bir topraga öz mynasyp zatlaryny bagyş edýändiginiň özi-de juda täsindir. Şu babatda alnanda, türkmen ahalteke bedewini müňbir öwüşginli tebigatyň eçilen täsin peşgeşi hasaplamak bolar. Ýelden ýyndam, gözellikde taýsyz ahalteke bedewleri hut türkmen topragynyň görenleri haýrana goýýan, başga ýerlerde duşmaýan aýrylmaz bölegidir.
Ahalteke bedewleriniň iňňän ýyndamdygyny, çydamlydygyny ençeme taryhy atçapyşyklar, 1988-nji ýylda ilkinji gezek uzak aralyga – Aşgabat – Moskwa aralygyna geçirilen atly ýöriş muny bütin aýdyňlygy bilen doly subut edýär. 28 atlydan ybarat bu ýöriş 1988-nji ýylyň 31-nji maýynda başlanylyp, 3200 kilometr ýol geçilip, şol ýylyň 1-nji awgustynda hem tamamlanypdy.
Aşgabat 2017-niň öň ýanynda çapyksuwarlarymyzyň 17-si bedew atly ençeme oba-şäherlerimizde bolup, ýurdumyzyň gözel ýerlerinde bagtyýar raýatlarymyz bilen şatlyk-şagalaňly duşuşyklara gatnaşyp, atly ýörişi dowam edýärler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň buýsanjy we milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerine berilýän üns-alada hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde uly ösüşlere eýe boldy. Eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda döwrebap atçylyk-sport toplumlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzda atçylyk pudagynyň pajarlap ösmegine ýardam etdi. 2010-njy ýylyň awgust aýynda paýtagtymyz Aşgabatda ahalteke bedewleriniň Halkara atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, her ýylda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlap “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara maslahatyň, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň geçirilmegi ahalteke bedewlerini ösdürmek işlerini rowaçlyklara eýe etdi.
Ahalteke bedewleri – eziz Arkadagymyzyň hemişelik aladalary bilen gurşalandyr. Berkarar döwletimizde türkmen halkymyzyň göz-guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň mynasyp şertlerde ösdürilmegi, olaryň nesilleriniň üýtgewsiz artmagy, geçirilýän ýaryşlarda üstünlik gazanmagy üçin uly alada edilýär.
Bedew atlaryň mekanyna baryp, olara söýgi-muhabbetini bagyşlamaga hem eziz Arkadagymyz hemişe wagt tapýar. Şeýle maksatlar bilen mähriban Arkadagymyz 30-njy iýulda Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Döwlet Baştutanymyz saba-säher bu ýerde dürli sport maşklaryny etmegiň barşynda, öz eý görýän ak gar ýaly owadan Ruhubelent atly taýçanagy bilen didarlaşdy. Bilşimiz ýaly, aýdan nurana bu taýçanak “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýlip atlandyrylan 2017-nji ýylyň başynda bu atçylyk toplumynda dünýä inipdi we oňa eziz Arkadagymyz Ruhubelent diýip döwrebap at beripdi. Taýçanagyň hüşgärligi, okgunlydan çeýe hereketleri onuň geljekde türkmen atçylyk sportunda, milli atçylyk ulgamynda mynasyp orny eýelejekdigine şaýatlyk edýär.
Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumynda dünýäniň iň gowy bedewleri üçin aýratyn şertler döredilendir. Bu ýerde behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny saklamak, kämilleşdirmek we baş sanyny artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Toplumda uly yhlas bilen ýetişdirilýän bedewler halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, uly baýraklara eýe bolýarlar. Geljekde hem bu işler mynasyp dowam etdiriler. Ahalteke bedewleri öňde boljak Aşgabat 2017-ä hem işjeň gatnaşyp, ýurdumyza uly üstünlikleri getirer. Ahalteke atçylyk toplumynyň çäginiň düýpli özgerişe eýe bolandygy hemmämize mälimdir. Toplumyň bütin çägini saýaly we pürli agaç nahallary gurşaýar. Munuň özi toplumyň çäginde howa ýagdaýynyň gowulaşmagyny, ekologiýa arassalygynyň berjaý edilmegini üpjün edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda behişdi bedewlerimiziň gadymy tohumlarynyň saklanyp galmagy üçin täze uly mümkinçilikleriň döredilendigi, milli Liderimize “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” we “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlaryň dakylandygy halkymyzda çuňňur kanagatlanma döredýär, bagtyýar zamanamyza bolan egsilmez buýsanjymyzy, guwanjymyzy artdyrýar. Biz türkmen atşynaslygyny täze belentliklere eýe edýän mähriban Arkadagymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris!
Allaberdi ORAZMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň mugallymy.