Iri awtoulag öndüriji şereketleriň şowly modelleriniň “doglan günlerine” bagyşlap ýörite awtoulag öndürmegi birnäçe ýyldan bäri däp bolup gelýär. Golaýda “Lada” “Niwanyň” öndürilip başlanmagynyň 40 ýyllygy mynasybetli ýörite modelini az mukdarda öndüripdi. BMW hem özüniň 7-nji seriýasyna bagyşlap sanlyja ulagy öndürjekdigini mälim etdi. Ol sentýabrda Frankfurtda geçiriljek sergide awtoulag muşdaklaryna görkeziler. “7 Series Edition 40 Jahre” atly modeliň kümüş we gök reňkli görnüşleri bolar. Tigirleriniň ululy 20 dýuým boljak ulagyň içinde we daşynda onuň ýörite modeldigini alamatlandyrýan ýörite bezegler bolar. Ulagyň hereketlendirijileri alty, sekiz we on iki silindrli görnüşde bolup, olardan bary-ýogy 200 sanysy öndüriler. Ulagyň bahasy we beýleki aýratynlyklaryny bilmek üçin bolsa, sentýabra çenli garaşmaly bolar.