“Su­zu­ki” kom­pa­ni­ýa­sy sent­ýabr aýyn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Frak­furt şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek aw­tou­lag ser­gi­si­ne çy­kar­jak aw­tou­la­gy ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Ki­çi göw­rüm­li ulag­la­ry ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan kom­pa­ni­ýa­nyň “Swift Sport” ula­gy kuw­wat­ly­ly­gy bi­len ta­nal­ýar. As­lyn­da ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da “Swift” ula­gy köp­çü­li­ge ta­nyş­dy­ry­lyp­dy. Tä­ze mo­del onuň sport gör­nü­şi bo­lup, il­kin­ji su­ra­ty ýaý­ra­dyl­dy. Ulag ýe­ňil bol­ma­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Ka­po­ty­nyň aşa­gyn­da “Vita­ra” mo­de­li­niň 1,6 litr göw­rüm­li ben­zin­li he­re­ket­len­di­ri­jisi bar. “Swift Spor­tuň” kuw­wa­ty 138 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lup, umu­my ag­ra­my 870 ki­log­ram. Bu ula­gyň teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na ba­ha ber­ýän hü­när­men­ler onuň ag­ra­my­nyň bir ton­na bo­la­nyn­da, kuwwatynyň 160 at güý­jü­ne ba­ra­bar bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Ýag­ny onuň ag­ram/kuw­wat gat­na­şy­gy­nyň örän ýo­ka­ry­gy­na ün­si çek­ýär­ler.