Fotosurat diýlende, ilki bilen göz öňüňe gelýän fotoenjamlaryň biri “Nikon” mundan 100 ýyl ozal, 1917-nji ýylyň 25-nji iýulynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda üç şereketiň birleşmegi bilen esaslandyrylýar. Golaýda “Nikon” 100 ýaş toýuny uludan belläp geçdi. Ol geçen 100 ýylyň içinde fotoenjamlary, mikroskop obýektiwlerini we optiki ölçeg enjamlaryny öndürmekde öňdebaryjy şereket boldy. Ikinji jahan urşy ýyllarynda Ýaponiýada “Nikon”-yň 19 kärhanasy, 23 müň işgäri bolup, köp mukdarda harby goşun üçin dürbi, periskop (bukalgadan gözegçilik edilýän optiki abzal) ýaly enjamlary öndürdi. Şereket 1948-nji ýylda “Nikon” markasy bilen ilkinji bolup, “Nikon” atly fotoenjamyny öndürdi. Fotožurnalistleriň ünsüni çeken we göwnünden turan bu enjam 1959-njy ýyldan tä 1990-njy ýyla çenli fotoşekil senagatynda liderligini saklamagy başardy.
2005-nji ýylda “Nikon” “Sony” şereketi bilen bilelikde öndüren ýokary derejeli ISO (ýagta duýgurlyk) enjamy özüniň aýratynlygy bilen önümçilige täze badalga berdi. Bu işleriň netijesinde, “Nikon” doly ölçegli “Full frame” sensorynyň işjeňligi bilen 2007-nji ýylda dünýä bazarynda ýene-de öňdäki orna geçmegi başardy. 2008-nji ýylda “Nikon”-yň “D90” tapgyry öndürilip, ol eýýäm, ses we wideo ýazga almak mümkinçiligine eýe bolan D-SLR-den hem has kämil bolup çykdy. “Nikon”-yň 100 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan wideoşekilde dünýäniň dürli künjeklerinde düşürilen suratlara aýratyn orun berlipdir.