Go­laý­da “Con­su­mer Re­ports” şe­re­ke­ti soň­ky ýyl­la­ryň iň “akyl­ly” te­le­fo­ny­nyň “Sam­sung Ga­laxy S7” we “Ga­laxy S7 ed­ge”-di­gi­ni mä­lim edip­di. Ko­reý kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bu önüm­le­ri­ne Ýew­ro­pa­da hem şeý­le ba­ha be­ril­di. Ang­li­ýa­nyň “Which” ne­şi­ri hem bu iki smart­fo­na de­giş­li­lik­de 93 we 92 bal ber­di. Ne­şir öz abu­na­çy­la­ry­na teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry­ny al­mak­da de­giş­li mas­la­hat­la­ry ber­ýär. Taý­ýar­la­nan sa­naw­da “iP­ho­ne 6s” üçün­ji ýe­ri al­dy. “Sam­sung”-yň en­jam­la­ryn­da “microSD” kar­ty­nyň bol­ma­gy, en­ja­myň daş­ky gör­nü­şi we ka­me­ra­sy­nyň ýo­ka­ry hil­li bol­ma­gy aý­ra­tyn nyg­ta­lyp ge­çil­di. Bu en­jam­la­r “Iň go­wy smart­fon” di­ýen ady di­ňe bu ýurt­da däl, eý­sem, Gol­lan­di­ýa, Bel­gi­ýa, Fran­si­ýa we Is­pa­ni­ýa ýa­ly ýurt­lar­da hem al­dy. Fran­si­ýa­nyň “Que choi­sir”, Is­pa­ni­ýa­nyň “OCU-Comp­ra Maest­ra”, Bel­gi­ýa­nyň “Test Aan­ko­op” we Gol­lan­di­ýa­nyň “Con­su­men­ten­bond” ýa­ly sarp edi­ji­le­re mas­la­hat ber­ýän me­di­ýa gu­ra­ma­la­ry hem bu te­le­fo­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. Gel­jek­de hem ko­reý kom­pa­ni­ýa­sy­nyň has ýo­ka­ry hil­li smart­fon­la­ry sa­tu­wa  çy­kar­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.