Günler bizi “Aşgabat 2017”-ä ýakynlaşdyrýar. Gün-günden taýýarlyk işleri has-da ýygjamlaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biriniň dowamynda amala aşyryljak beýik maksatlardan, durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän il bähbitli işlerden gelip çykýan adyna eýe bolýar. Bu bolsa “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen üç sözi özüne şygar edinen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýylyna aýratyn bezeg berýär.
Bir-birine sabyrsyzlyk bilen estafeta taýajygyny geçirip, uly hyjuw bilen ýeňşe ymtylýan türgenlere çalym edýän bu bagtyýar günler Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bolan höwesi bir-birine geçirip, öňe barýar.
“Aşgabat 2017”-niň ýokary derejede geçirilmegi sagdyn nesliň kemala gelmegine, halkara derejesinde ussat türgenlerimiziň ýetişmegine, ýurtda olimpiýa hereketiniň giňden ýaýbaňlanmagyna, jemgyýetde meýletinçilik hereketiniň ösmegine, ýaşlaryň köp dil öwrenmäge höwesleriniň artmagyna oňyn täsirini ýetirer. Sport baýramçylygynyň ýokary derejede geçirilmegi bilen bagly alnyp barylýan ýokary depginli taýýarlyk işleriniň rowaçlanmagynda meýletinçileriň hem aýratyn orny bar. Geçiriljek çäräniň gyzgalaňly amala aşyrylmagynda, myhmanlary göwnejaý garşylamakda, olara hyzmat etmekde, alnyp barylýan sport çärelerini döwürleýin metbugatda wagyz etmekde meýletinçileriň ýardamy uludyr. Oýunlara ýardamçy boljak hünärmenleriň umumy sany 11 müňe golaý bolup, olaryň 10 müňüsi meýletin ýardamçylardyr. Häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Meýletinçiler merkezi hereket edýär. Merkezde 1083 sany meýletinçi talyplara iňlis dili, arap, pars, türk dilleri öwredilýär. El hereketi arkaly düşündirmek, Braýeliň elipbiýini öwretmek boýunça hem okuw sapaklary geçilýär. Meýletinçiler ýörite maksatnama boýunça “Aşgabat 2017”-ä gatnaşjak Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň geografiki ýerleşişi, taryhy, medeniýeti barada, Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri, tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada maglumatlary içgin öwrenýärler. Ýene-de sanlyja günlerden paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, meýletinçilerimiz diňe bir uniwersitetimiziň çäginde guralýan sapaklary özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary bilen hem okuw sapaklaryny geçýärler, halkara ýaryşlaryna meýletinçi hökmünde gatnaşýarlar.
Aşgabatda Aziýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň 45-siniň hem-de Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň 19-synyň wekiliýetlerini ýygnajak bu ägirt uly baýramçylygy giňden beýan etmek möhüm wezipeleriň biridir. Dünýäniň 64 döwletinden türgenleriň 5 müňden gowragy sportuň 21 görnüşinde, şol sanda konkurda we türkmen göreşinde güýç synanyşar. Sportuň bu görnüşleri hormatly Prezidentimiziň teklibi boýunça oýunlaryň maksatnamasyna girizildi. Bu iri sport çäresinde müňlerçe adamlar – türgenler, žurnalistler we janköýerler özleri üçin sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistany açyp bilerler. Metbugat we elektron neşirlerinde ýerleşdiriljek habarlar, halkara teleýaýlymlarda görkeziljek gepleşikler döwletimiziň gazananlary bilen içgin tanyşmaga ýardam eder.
Dünýäniň sport durmuşyndaky iri çäre ýurdumyzyň gözelligini, köpdürlüligini we gaýtalanmajak keşbini, myhmansöýerligini, ähli ugurlarda işjeň we netijeli hyzmatdaşlyga taýýarlygyny görkezmäge gönükdirilendir. Munuň özi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygarynda öz beýanyny tapýar. Daşary ýurtlular üçin türkmen, rus we iňlis dillerinde ýörite neşirleri taýýarlamak, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň saýtyny döretmek şol işleriň bir bölegidir.
Olimpiýa şäherjiginde ilkinji gezek gurlan monorels ýoly Aziýa oýunlary döwründe uly meşhurlyga eýe bolar. Daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrar. Monorels üç otludan ybarat bolup, sürüjiden daşary olaryň her birine üç sany wagon birikdirilen. Otlynyň her birine 70 adam ýerleşip, bir sagadyň dowamynda sygymlylygy boýunça 810 adama hyzmat etmäge mümkinçiligi bar. Demir ýoluň uzynlygy 5138 metrdir. Onuň 8 duralgasy bar. Bu ýol bilen ajaýyp Olimpiýa şäherjiginiň içinde sport toplumyna, ýaşaýyş jaýyna, myhmanhanalara islendik wagtda baryp bolýar.
Soňky ýyllarda Aziýa oýunlaryna türkmen türgenleriniň taýýarlyk derejesiniň mese-mälim artandygy äşgärdir. Diňe şu ýylyň ýedi aýynda türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynyň 91-sine gatnaşyp, 474 medala, şol sanda 152 altyn, 151 kümüş we 171 bürünç medala mynasyp bolandygy hem bu aýdanlarymyzy tassyklaýar. Gazanylan medallaryň sanynyň geçen ýyldaka garanyňda, 96 medal artandygy ezber türgenlerimiziň “Aşgabat 2017”-niň jemleýji ýaryşlarynda-da üstünlikli çykyş edip, bagtyýar ildeşlerimizi begendirjekdiklerine umyt bagladýar. Bu hut şeýle hem bolar!
Bu ägirt uly sport baýramçylygy dünýäde Türkmenistanyň at-abraýyny öňküden-de belende göterer. Ýer ýüzünde gözel paýtagtymyzyň, uly ýeňiş gazanan türkmen türgenleriniň ady arşa galar. Şeýle bagty, ýatdan çykmajak günleri bize peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza biziň alkyşlarymyz tükeniksizdir!
Nartäç ATAJANOWA,
Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.