Ýaponiýanyň dünýä belli awtoulag öndüriji şereketleri “Toyota” bilen “Mazda” ABŞ-da 1,16 milliard dollar maýa goýum özleşdirip, zawod gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp habar berdi. Ýurduň döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, ýapon kompaniýalary uly maýa goýum taslamasyny amala aşyrarlar we onuň esasynda 4 müň adama täze iş orny dörediler.
Ýapon firmalary ABŞ-da gurmagy göz öňünde tutýan zawodynda her ýyl 300 müň sany ulag öndürmegi meýilleşdirýär. Bu ýerde “Mazda”-nyň “Crossover”, “Toyota”-nyň bolsa, “Corolla” kysymly ulaglarynyň önümçiligi ýola goýlar. Desganyň 2020-nji ýylda dolulygyna işe girizilmegine garaşylýar.
Şeýle hem golaýda “Apple” kompaniýasynyň esasy söwda hyzmatdaşlaryndan “Foxconn” şereketi ABŞ-nyň Winkonsin ştatynda 10 milliard dollar maýa goýum özleşdirip, uly önümçilik desgasyny gurmagy göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.
ABŞ-da dünýä belli kompaniýalaryň maýa goýmagy üçin döredilýän mümkinçilikler ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň başlangyjy esasynda alnyp barylýar. Ol dalaşgär döwründäki maksatnamalaýyn çykyşynda ýurtda täze iş orunlarynyň döredilmegine has köp üns berjekdigini mälim edipdi.