Tanzaniýanyň Tangan welaýatynda dünýäniň iň uzyn elektrik gyzdyryjyly nebit geçirijisiniň düýbi tutuldy. Bu dabara Tanzaniýanyň Prezidenti Jon Maguguli hem-de Ugandanyň Prezidenti Ýoweri Museweni gatnaşdy.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, nebit geçirijiniň umumy uzynlygy 1443 kilometre barabardyr we onuň umumy bahasy 3,55 milliard dollara deňdir. Ol dünýäniň iň uzyn elektrik gyzdyryjyly nebit geçirijisi bolar. Bu taslama Ugandanyň Hoima sebitinden başlap, Tanzaniýanyň Tanga portunda tamamlanýar. Meýilnama görä, onuň gurluşygyna 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda girişiler we 36 aýa çeker. Bu taslama 6-10 müň adamy iş orny bilen üpjün eder. Bu geçiriji arkaly her gün 200 müň litr benzin daşamak göz öňünde tutulýar. Bu taslama deňze çykalgasy bolmadyk Ugandanyň günbatar bölegindäki nebit önümlerini dünýä bazaryna çykarmaga mümkinçilik berer.
1443 kilometre uzalyp gitjek taslama Fransiýanyň 2 we Birleşen Patyşalygyň 1 firmasy tarapyndan amala aşyrylar. Gündogar Afrika nebit geçirijisi (EACOP) Tanzaniýanyň 8 sebitiniň üstünden geçer, şeýle-de ol 24 etraby hem-de 184 obany gurşap alar. Ugandanyň 6,5 milliard barrel möçberinde çig nebit gory bar. Ýurduň başga-da köp sanly sebitinde nebit gorlarynyň bardygy çaklanylýar.