Şu ýy­lyň 21-nji aw­gus­tyn­da ABŞ-nyň ra­ýat­la­ry we onuň myh­man­la­ry Gü­nüň tu­tul­ma­gy ha­dy­sa­sy­nyň şa­ýa­dy bo­lar­lar. Ony ýur­duň äh­li çä­gin­den Ore­gon­dan Gü­nor­ta Ka­ro­li­na çen­li ba­ryp ýet­ýän 14 ştat­da gör­mek bo­lar.

“Eu­ro­news” ha­bar­lar gul­lu­gy Gü­nüň tu­tul­ma­gy ha­dy­sa­sy bi­len bag­la­ny­şyk­ly kä­bir gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry taý­ýar­la­dy:
ABŞ-nyň kos­mos gi­ňiş­li­gi­ni öw­ren­ýän eda­ra­sy­nyň (NA­SA) mas­la­ha­ty­na gö­rä, Gü­nüň tu­tul­ma­gy ha­dy­sa­sy­na to­ma­şa et­mek üçin kä­bir düz­gün­le­ri ber­jaý et­me­li. Ol 2,5 mi­nut do­wam ed­ýär. Hü­när­men­ler bu wa­ka gö­nü­den-gö­ni se­ret­me­gi mas­la­hat ber­me­ýär­ler. Onuň ada­myň gö­zü­niň gö­r­şü­ne ýa­ra­maz tä­sir et­me­gi müm­kin. Mu­nuň üçin ýö­ri­te äý­nek­le­ri da­kyn­mak has yg­ty­bar­ly. Hä­zir­ki wagt­da hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, şeý­le ha­dy­sa­la­ra to­ma­şa et­mek üçin ýö­ri­te äý­nek­ler ön­dü­ril­ýär. Gü­nüň tu­tul­ma­gy­na ka­me­ra­nyň ob­ýek­ti­wi, te­les­kop ýa-da beý­le­ki op­ti­ki se­riş­de­ler bi­len se­ret­me­li däl­dir. Gü­nüň şöh­le­le­ri­niň ka­me­ra­nyň we te­les­ko­puň lin­za­syn­dan ge­çip, gö­ze ýa­ra­maz tä­sir et­me­gi müm­kin.
Gü­nüň tu­tul­ma­gy gys­ga wagt do­wam ed­ýär. To­ma­şa­çy­lar 2,5 mi­nut tu­tuş­ly­gy­na ga­raň­ka bü­re­ner­ler. Aýyň kö­le­ge­si sa­gat­da 2129 km-den 3600 km-e çen­li tiz­lik­de he­re­ket eder.
Şeý­le te­bi­gy ha­dy­sa­la­ra örän seý­rek duş ge­lin­ýär. Bu De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da­ky il­kin­ji Gü­nüň do­ly tu­tul­mak ha­dy­sa­sy­dyr. Soň­ky ge­zek şeý­le ýag­da­ýa 99 ýyl mun­dan ozal, 1918-nji ýyl­da ga­bat gel­nip­di. Mun­dan soň­ky te­bi­gy ha­dy­sa 2045-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da bo­lup ge­çer.
NA­SA eda­ra­sy bu ha­dy­sa­ny öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len ýö­ri­te bar­lag uçar­la­ry­ny goý­be­rer we hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gik en­jam­lar ar­ka­ly Gü­nüň tu­tul­ma­gy­ny 7 mi­nut­lap syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik alar­lar. Bu ýag­daý alym­la­ra Gün ba­ra­da has köp mag­lu­mat­la­ry öw­ren­mä­ge ýar­dam eder.
Ame­ri­ka­nyň kos­mos en­ja­my “Discovery” bu ýag­da­ýy älem gi­ňiş­li­gin­den syn­lar. Onuň Aýyň kö­le­ge­si­niň he­re­ke­ti­ni 1,5 mil­li­on ki­lo­metr uzak­lyk­dan syn­la­ma­ga müm­kin­çi­li­gi bo­lar. Ol NA­SA eda­ra­sy­nyň bi­ziň pla­ne­ta­myz­dan has uzak­daky hem­ra­sy­dyr.
Aýyň Gü­nüň öňü­ni do­lu­ly­gy­na ýa­pyp, Ýer şa­ry­ny ga­raň­ka bü­re­jek ha­dy­sa­sy­nyň has go­wy gö­rün­ýän se­bi­tin­de 12 mil­li­on adam ýa­şa­ýar. 200 mil­li­on adam bu ýag­da­ýa bö­lek­le­ýin syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik alar. Şol gün köp san­ly ast­ro­nom­ Gü­nüň tu­tul­ýan ýe­ri­ne iş sa­pa­ry bi­len git­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär­ler.