Ýewropanyň öňdebaryjy awtoulag öndüriji kompaniýasy “Volkswagen” özüniň täze ulagy “Tiguan” bilen rekord goýmagy meýilleşdirýär. 12 müň 300 kilometrlik “Ýüpek ýoly” aralygyny azyndan 6 günde geçmek maksat edinilýär. Hytaýyň Şanhaý şäherinden şu ýylyň 20-nji awgustynda başlanjak awtoulag ýörişi Italiýanyň Wenesiýa şäherinde tamamlanar.
Sürüji Raýner Sitlou we topary 25-nji iýulda Italiýadan ýola çykyp, Sloweniýanyň, Horwatiýanyň, Serbiýanyň, Bolgariýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň üstünden geçip, Hytaýa barar. Olar soňra Şanhaýdan Wenesiýa çenli 3 sürüji bolup, uzak aralygy geçmegi meýilleşdirýärler. Sürüjiler topary şu wagt Şanhaýa barýan ýoly öwrenýärler. Olar Türkmenistanyň çäginden hem geçdiler.
“Ýüpek ýoly” ugrunda “Volkswagen” kompaniýasynyň Russiýanyň Kaluga şäherinde öndürilen “Tiguan” kysymly ulagyndan peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Rekord goýmak üçin ulanyljak “Tiguan” kysymly ulaga goşmaça enjam oturdylyp, onuň benzin bagynyň möçberi 150 litre ýetirildi. Şeýle hem onuň öň tarapyna ýörite yşyklar oturdyldy, yz tarapyndaky pružinleri güýçlendirildi.