Merkezi Los-Anjelesde ýerleşýän “Hyperloop One” şereketi gury ýerde ýöreýän iň ýyndam jemgyýetçilik ulagynyň ilkinji synagyny geçirdi. Bu ulag turbo görnüşli howasyz ýolda hereket eder. Ulagyň uzynlygy 8 metre barabar bolup, alýuminden we uglerod süýüminden öndürilipdir. Awtoulaga meňzeş bolan ulag Newada çölündäki 490 metrlik tunnelde bäş sekundyň dowamynda sagatdaky tizligini 310 kilometre ýetirmegi başardy. Şeýle hem ol hereket eden mahaly tunneliň içindäki howa çykaryldy. Şeýlelikde, peselen basyş Ýerden 61 müň metr belentlikdäkä barabar boldy.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Şerwin Pişewar bu ulagyň söwda maksatly öndürilmegi üçin entek edilmeli işiň az däldigini aýdyp, durmuşa geçirilende gündelik durmuşymyza düýpgöter täsir etjekdigini belledi. Ol 2021-nji ýyla çenli şeýle ulagdan 3 sanysynyň öndüriljekdigini belledi. “Tesla” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Elon Musk bolsa, bu ulagyň 360 kilometri 30 minutda geçip biljekdigini aýtdy.
Hünärmenler bu ulgamy döretmegiň kyn däldigini, emma onuň peteginiň bahasynyň ýokary tizlikli otlular we uçarlar bilen bäsdeşlik edip biljek derejede arzan bolmagyny gazanmagyň kyndygyna ünsi çekýärler.