“Tan­dy Cor­po­ra­ti­on” kom­pa­ni­ýa­sy “Ra­dio Shack” şe­re­ke­ti bi­len bi­le­lik­de 1977-nji ýy­lyň aw­gust aýyn­da il­kin­ji şah­sy komp­ýu­ter­ler­den TRS-80-i sa­tu­wa çy­ka­ryp­dy. Il­kin­ji şah­sy (per­so­nal) komp­ýu­ter ha­sap­lan­ýan bu en­ja­ma gy­zyk­lan­ma­nyň bol­jak­dy­gy­na hiç ki­miň yna­my ýok­dy. Ýol­baş­çy­lar bir aý­da 1000 tö­we­re­gi TRS-80 sat­ma­gy mak­sat edi­nip­di­ler. Se­bä­bi ol dö­wür hiç kim öýü­ne komp­ýu­ter al­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ynan­ma­ýar­dy. Şeý­le hem bu en­jam­da iş­le­mek hem çyl­şy­rym­ly, hem-de edip bol­jak o di­ýen köp zat ýok­dy.
600 dol­lar­dan sa­ty­lan en­ja­ma is­leg ga­ra­şy­lan­dan 10 es­se ýo­ka­ry bol­dy. Adam­lar oňa komp­ýu­ter di­ýil­ýän en­ja­myň nä­hi­li­di­gi­ni bil­mek we ony ula­nyp bil­jek­di­gi­ne göz ýetir­mek üçin uly is­leg bil­di­rip­di.
As­lyn­da TRS-80 sa­tu­wa çy­ka­ryl­maz­dan iki ýyl ozal “MITS Al­ta­ir” at­ly “mik­ro­komp­ýu­ter” 1975-nji ýyl­da müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­lip­di. Em­ma TRS-80 do­lu­ly­gy­na taý­ýar edi­len, gö­ni ula­nyp bol­ýan we di­ňe teh­no­lo­gi­ýa hö­wes­jeň­le­ri­ne däl-de, hem­me­le­re sa­ty­lan il­kin­ji komp­ýu­ter­di. Bu ýag­daý komp­ýu­te­ri is­len­dik müş­de­ri­niň alyp bil­jek­di­gi­ni gör­kez­di. 1977-nji ýyl­da “App­le” we IBM kom­pa­ni­ýa­la­ry hem öz­le­ri­niň il­kin­ji komp­ýu­ter­le­ri­ni ön­dü­rip baş­la­dy­lar.