Türkmen ýigitleri uzak taryhyň dowamynda özüniň gaýratlylygy, tutanýerliligi, ata Watanyny, topragyny jany-teni bilen söýýänligi, mertligi bilen belli bolupdyr. Taryhyň dürli döwürlerinde ýüze çykan her hili ýagdaýlarda hem olar özleriniň ata-baba nesilden-nesle geçip gelýän bu mizemez terbiýesine wepaly bolupdyrlar. Hormatly Prezidentimiz çuň mazmunly ajaýyp eserlerinde ata-babalarymyzyň batyrgaýlygy, edermenligi hakynda söhbet açýar. Muňa mysal hökmünde milli Liderimiziň “Döwlet guşy”, “Älem içre at gezer” eserlerini görkezmek bolar.
Ine-de, golaýda okyjylarymyza eziz Arkadagymyzyň bu mowzukdan söhbet açýan “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly täze eseri gowuşdy. Bu waka mähriban Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde has belende göterjek taryhy pursata – gözel paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görülýän günlerimizde bütin halkymyzyň göwün mülküne goşa ganat berdi.
Eziz Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan täze neşir “Durmuşyňyz asuda bolsun!”, “Iň gymmatly miras”, “Her iş gelse, il biläni”, “Ynsanlyk dowamatynyň ebediligi” atly dört bölümden ybarat bolup, ol kanunçylygyň, jemgyýetçilik tertibiniň we hukuk düzgünleriniň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýän Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işine bagyşlanypdyr. Kitabyň düýp mazmunynda döwlet gurluşynyň möhüm edarasynyň döreýiş taryhy we özüniň manyly ömür we zähmet ýoluny Türkmenistanyň içeri işler edaralary bilen berk baglan, baý iş tejribesi, belent adamkärçiligi, ynsanperwer häsiýetleri, ugurtapyjylygy we başarnygy bilen halk köpçüliginiň içinde uly abraýyň, belent mertebäniň eýesi bolan Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömri ussatlyk bilen açylyp görkezilýär.
Arkadag Prezidentimiz täze eserinde “Oka, öwren, bil, merdanalaryň ömür ýoly saňa her pursatda güýç bersin” diýip, ýaş nesillere öwüt-ündew edýär.
Eseriň her bir jümlesi çuňňur mazmuna eýe. Ondaky: “Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Watanyň goragy mukaddesligiň goragydyr. Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligi, asmanyň hem Zeminiň giňişliginiň asudalygydyr. Bularyň barysy Watandyr, elýetmez gymmatlyklarymyzdyr” diýen setirleri çuňňur duýgulary oýarýar. Bu manyly gerimi giň sözler bize göbek ganymyzyň daman topragynyň näderejede ezizdigini kalbymyza guýýar. Watan, toprak ezizligi, öňi bilen, parahat durmuşda jemlenýär. Bu günki gün biziň hemmämiz parahat, asuda durmuşyň gujagynda bagtyýar durmuşda ýaşaýarys. Daş-töweregimizi parahatlyk mukamy gurşaýar, asmanymyz asuda, ýurdumyz abadan. Çünki eziz Arkadagymyz Watanymyzyň kuwwatynyň barha ýokarlanmagy, asudalygymyzyň berkarar bolmagy üçin nusgalyk işleri amal edýär. Watan goragçylarymyz hem mähriban Arkadagymyzyň sargytlaryna mynasyp jogap bermek, tertip-düzgüni üpjün etmek üçin mukaddes Watanyň goragynda mynasyp gulluk edýärler.
Türkmen halky maşgala terbiýesine uly ähmiýet berýär. Çünki terbiýe – nesilleriň geljekde amal etmeli ädimleriniň gözbaşy bolup durýar. “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly kitabyň “Iň gymmatly miras” atly bölümi hem şeýle tymsal bilen başlanýar. Kitapda hormatly Prezidentimiz öz pederiniň göreldelik öwüt-nesihatlaryny mysal getirýär. Çuňňur mana ýugrulan ol ündewleriň her biri durmuş çelgisi.
Özüniň gulluk eden döwründe Watanyň, ýurduň, halkyň söýgüsine mynasyp bolan Mälikguly aga ýedi gezek hökümet sylagyna mynasyp bolupdyr. “Içeri goşun gullugynda tapawutlanany üçin” diýen medal onuň merdem döşüni bezeýär. Onuň ýaşlarymyzyň okuwly, bilimli-terbiýeli bolmagy üçin alyp baran işleri hem nusgalykdyr. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzüm böleklerinde dürli wezipelerde işlemek bilen bu ugurda uly işleri amal edipdir. Içeri gullugyň podpolkownigi diýen harby derejä mynasyp bolan ajaýyp ynsan belent adamkärçilik häsiýetleri, hünär ussatlygy bilen özüni aldyrypdyr.
85 ýaşyny arka atan Mälikguly aga watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezmek bilen, şu günki günlerde hem döredijilik işleri bilen meşgullanyp, özüniň baý durmuş tejribesini paýlaşýar. Ýurdumyzyň tutanýerli ýaşlary ondan kanunyň, asudalygyň goragynda durýan adamlaryň nähili bolmalydygyny, watansöýüjiligi öwrenýärler.
Özüniň ömrüni we ykbalyny halkymyza gulluk etmäge, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň bähbitleriniň goragyna bagyşlan Mälikguly aganyň göreldeli zähmet ýoly Watan goragçylarynyň, şeýle hem her bir ugurda zähmet çekýän raýatlarymyz üçin görelde mekdebidir. Şu jähetden alnanda, hormatly Prezidentimiziň döredijilik yhlasynyň miwesi bolan “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly kitaby beýik ynsanyň zähmet ýoluny öwrenmek, halkymyzyň asyrlarboýy döreden gerçeklik we merdanalyk mekdebiniň dowam etmegi üçin ummasyz uly ähmiýete eýedir.
Goý, hemişe mukaddes Watanymyzda asudalyk höküm sürsün! Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamy ýiti bolsun! Belent abraýyň we mertebäniň eýesi bolan Mälikguly aganyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Annadurdy RAHMANOW,
Fizika-matematika ylymlarynyň
doktory, pensioner.