Berkarar döwletimiziň taryhy nukdaýnazardan juda az wagtda uly ösüşleri gazanmagy milli maksatnamalaryň oýlanyşykly düzülmegi we takyk durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr. Elbetde, bu işlerde döwlet dolandyryşynyň netijeliliginiň, jemgyýetiň jebisliginiň, halk köpçüliginiň bir maksada gulluk etmeginiň gazanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Soňky ýyllarda pudaklaryň ýokary depginler bilen ösmegine senagatyň ileri tutulyp, ösdürilýän ugurlarynda anyk maýa goýum we infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi oňyn täsir edýär. Şeýle hem bu döwürde senagat önümleriniň möçberi we önümçilik serişdeleriniň gymmaty ep-esli ýokarlandy, önümleri ýerlemekden alnan girdejiler hem köpeldi. Ýurdumyzyň senagat pudagynda geçirilen düýpli döwrebaplaşdyrmak işleriniň netijesinde kärhanalar täze enjamlar bilen enjamlaşdyryldy, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürýän köp sanly täze kärhanalar işe girizildi. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, gaýtadan işleýän iri önümçilikleri döretmek we ösdürmek babatynda ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyz durmuş ulgamyna degişli köpsanly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde möhüm orny eýeleýän nebit-gaz pudagynyň öňünde anyk wezipeleri kesgitledi. Ilki bilen, tebigy gazy içerki bazarda ýerlemek we daşarky bazarlara eksport etmek boýunça gol çekilen şertnamalara laýyklykda, tebigy gazyň göz öňünde tutulan möçberleriniň çykarylmagynyň üpjün edilmelidigi bellendi. “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek we tebigy gaz çykarmak boýunça bir bitewi taslamany düzmek, bu gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek, şeýle hem ikinji tapgyrda Hytaý Halk Respublikasynyň CNPC kompaniýasy bilen bilelikde ýylda 30 milliard kub metr tebigy gaz çykarmak boýunça alnyp barylan işleri öz möhletinde tamamlamak öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlendi. Dünýäde iň uzyn gaz geçirijileriniň biri hasaplanylýan Türkmenistan–Hytaý ýangyç geçirijisiniň gurulmagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ajaýyp miwesidir.
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2014-nji ýylda örän uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji tapgyryna degişli desgalaryň toplumynyň düýbüniň tutulmagy şu ugurdaky möhüm ähmiýetli waka boldy. Bu ýatak serişde gorlary boýunça “mawy ýangyjyň” täsin galdyrýan ýatagy hasaplanýar. Bu ýerde nebit ýataklary-da bar. Belli halkara konsalting kompaniýasy tarapyndan geçirilen garaşsyz auditiň netijeleri dünýä derejesinde uly gyzyklanma döretdi. Türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ýatagy senagat taýdan özleşdirmeginiň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde ýylda 30 milliard kub-metr harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalaryň toplumy guruldy. “Galkynyş” gaz käni TOPH gaz geçirijisi üçin esasy çig mal çeşmesine öwrüler. Bu iri taslama ýylda daşary ýurtlara 33 milliard kub-metr tebigy gazy ugratmaga mümkinçilik berer.
Gaz-himiýa türkmen ykdysadyýetiniň täze ugry, tebigy gazy gaýtadan işlemegiň geljegi uly pudaklaryň biri bolup durýar. Bu pudagyň ösdürilmegi gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň möçberini ýokarlandyrmaga, dünýä bazarlaryna iberilýän önümlerde olaryň paýyny artdyrmaga täze mümkinçilikleri açýar. Hususan-da, tebigy we ugurdaş gazy gaýtadan işleýän – benzini, dizel ýangyjyny we awiasion kerosini, şeýle hem sintetik nebiti, polietileni we polipropileni öndürmek boýunça desgalaryň gurluşyklary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde alnyp barylýar.
Hazaryň kenarynda ýerleşen Gyýanly şäherçesinde ýylda 386 müň tonna polietilen hem-de 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenen gaz-himiýa toplumy gurulýar. Bu taslama 2014-nji ýylda eksport-karz beriş agentlikleri tarapynda maliýeleşdirilýän Ýewropanyň we Ýewraziýanyň iň gowy on taslamanyň biri hökmünde TXF (Beýik Britaniýa) guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.
2014-nji ýylyň oktýabrynda Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumy ulanmaga tabşyryldy. Toplumyň kuwwaty ýylda ammiagyň 400 müň tonnasyny hem-de karbamidiň 640 müň tonnasyny öndürmäge barabardyr. Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürjek zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Kärhananyň kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna önüme barabar bolar. Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy bu ugurdaky iri maýa goýum taslamasydyr. Bu häzirki zaman desga her ýylda 1 milliard 785 million kub metr tebigy gazy gaýtadan işlär we Euro-5 ülňüsi boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasyny çykarar. Bu zawody 2018-nji ýylda işe girizmek göz öňünde tutulýar. Bu senagat desgasy tebigy gazy gaýtadan işlemegiň esasynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji gaz-himiýa toplumy bolar.
Nesip bolsa, Türkmenistan tebigy gazyň has çuňňur we toplumlaýyn görnüşde gaýtadan işlenmegini, eksport boýunça gazy gaýtadan işlemek arkaly taýýarlanan önümleriň paýynyň artdyrylmagyny ugur edinip, tebigy gaz we çig nebit ýaly ilkinji energiýa serişdeleriniň bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, gymmatly polimer önümleriniň has girdejili bazarynda mynasyp ornuny eýelär.
Gülälek ROZYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
TDMI-niň mugallymy.