Alym­lar to­pa­ry bu me­ýil­na­ma­­ny 2018-nji ýyl­da ama­la aşyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Ol hem lu­no­hod­la­ra Ýer bi­len ha­bar­laş­ma­ly bo­lan­da, şol be­ke­diň üs­tün­den ama­la aşy­rmaga mümkinçilik döredýär.
Ger­ma­ni­ýa­nyň alym­lar to­pa­ry ABŞ-nyň “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len yla­la­şy­ga gol çe­kiş­di we “Falcon 9” ra­ke­ta gö­te­ri­ji­si ar­ka­ly “Ali­na” at­ly kos­mos gä­mi­si Aýa uçu­ry­lar. Kos­mos gä­mi­si Aýa go­nar we on­da­ky lu­no­hod­lar he­re­ke­te baş­lar­lar.
Ýer şa­ryn­dan bu amal­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­jek to­par LTE yk­jam ara­gat­na­şyk be­ke­di­niň wagt­dan hem-de ma­li­ýe çyk­da­jy­lar­dan tyg­şyt­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni we lu­no­hod bi­len ara­gat­na­şy­gyň de­re­je­si­ni ep-es­li de­re­je­de ýo­kar­lan­dyr­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Res­mi mag­lu­mat­la­ra gö­rä, nemes alym­larynyň bu baş­lan­gy­jy “Voda­fo­ne” kompaniýasy ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­dy. Şeý­le­lik­de, alym­lar Ýeriň hemrasynda il­kin­ji ara­gat­na­şyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny dö­ret­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Ol Aý­da­ky kos­mos gä­mi­si bi­len Ýer­dä­ki gö­zeg­çi­lik gul­lu­gy­nyň ara­syn­da­ky ara­gat­na­şy­gyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dy­rar.