Gaz gurşawly Saturn planetasynyň howa gatlaklaryndan bäş tapgyrda geçmegi meýilleşdirilen NASA-nyň “Cassini” emeli hemrasy 14-nji awgustda ilkinji synanyşygyny üstünlikli amala aşyrdy. Uly kynçylyklar bilen ýerine ýetirilen bu synanyşygyň maglumatlaryny Ýere ibermegi başardy.
Bu emeli hemranyň Saturna iberilmeginiň maksady ol ýerdäki himiki gurluşy we howasyndaky gazlaryň mukdaryny anyklamakdan ybarat. Şeýle hem geçiriljek barlaglar netijesinde, Saturnda bir günüň näçe wagt dowam edýändigini hasaplamak göz öňünde tutulýar. Alymlar Saturnda bir günüň dowamlylygyny, takmynan, 10,5 sagat diýip çaklasalar-da, häzire çenli ony doly anyklamak başartmady.
“Cassini”-niň galan dört gezekki synanyşygynyň dowamynda, başga-da birnäçe maglumatlaryň üstüniň açylmagyna garaşylýar. Emeli hemra 15-nji sentýabrda işini doly tamamlaýar. Şeýle-de ýaşamaga mümkinçiligi bolup biljekdigi çaklanylýan “Titan” we “Endulus” ýaly hemralaryň emeli hemralar bilen çaknyşmagynyň öňi alnar.