“Apple” kompaniýasynyň önümi öz ýanyň bilen göterilýän harytlaryň arasynda iň köp satylýanlaryň sanawynda birinji orny eýeledi. Kompaniýanyň “iPad” planşeti köp satylýan haryt bolup, tutuş dünýädäki umumy bazaryň 30 göterimini eýeledi. Bu barada IDC kompaniýasy habar berýär. Onuň geçiren barlaglaryna görä, bu ugurda ikinji orunda “Samsung” kompaniýasynyň önümleri barýar. Ol bazaryň 15,8 göterimini eýeleýär. Planşetleriň meşhurlygynda üçünji orun Hytaýyň “Huawei” şereketine degişlidir. Onuň bazar paýy 8 göterime deňdir. Ýöne soňky döwürde dünýä bazarynda planşetlere bolan isleg azaldy. Şonda-da “Apple” kompaniýasynyň bu ugurdaky söwda amallary 14,7 göterim ýokarlandy. Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu ýagdaý kompaniýanyň amatly baha syýasaty hem-de köpçülige hödürlän täze görnüşleri bilen baglanyşyklydyr.