Ger­ma­ni­ýa­nyň “Audi” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “R8 Coupe” sport ula­gy hal­ka­ra baý­ra­ga (“World Car Awards”/“Dün­ýä ulag baý­rak­la­ry”) my­na­syp bol­dy. Dün­ýä­niň dür­li ýur­dun­dan 73 žur­na­lis­tiň ses ber­me­gin­de mä­lim edi­len baý­rak kom­pa­ni­ýa­nyň ab­ra­ýy­ny has hem art­dyr­dy. Şeý­le baý­ra­gy­ň be­ril­me­gi bi­len bu mo­del ady agzalan baý­ra­ga iň köp my­na­syp bo­lan ulag bol­dy. “Audi R8”-iň öň­ki mo­de­li hem Nýu-Ýork­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra ser­gi­niň çäk­le­rin­de üç baý­rak al­ma­ga my­na­syp gör­lüp­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň iň köp ön­dür­ýän mo­de­li bo­lan “R8 Coupe”-yň or­ta­da ýer­leş­di­ri­len 10 V mo­to­ry onuň kuw­wa­ty­ny has hem art­dyr­ýar. Mo­de­liň iň aň­ry­baş nus­ga­sy­nyň kuw­wa­ty 610 at güý­jü­ne ba­ra­bar. “R8 Coupe” sa­gat­da 100 ki­lo­metr tiz­li­ge ba­ry-ýo­gy 3,2 se­kunt­da ýet­ýär. Onuň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi 330 ki­lo­met­re barabardyr.