“Giňdir dünýä, geňdir dünýä” diýlişi ýaly, Ýer ýüzüniň dürli ýerinde haýran galdyrýan tebigy gözellikler we hadysalar duş gelýär. Gaýtalanmajak tebigatly ýerleriň biri hem 2010-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Älemgoşar daglarydyr. Hytaýyň Gansu welaýatyndaky bu daglaryň topragynyň gurluşy we florasy örän täsin. Dag depelerindäki gyzyl reňkli daşlar müňlerçe ýylyň dowamynda ýagynyň we ýeliň netijesinde, emele gelipdir. Ol hamana ussat nakgaşyň döreden eserine meňzeýär. Älemgoşary ýada salýan dag gerişleri ýagyş ýagan mahaly has hem ýaldyrap görünýär. 10 inedördül kilometri öz içine alýan dagda seýrek duş gelýän ösümlikleriň 400 töweregi görnüşi bitýär. Tektoniki hereketleriň netijesinde emele gelen daglary görmäge barýanlaryň sany ýylsaýyn artýar.