Ýurdumyzda ynsan bähbitlerini nazarlaýan, ilatyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin amal edilýän tutumly işler jemgyýetde täze dünýägaraýşy kemala getirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ösüş we innowasiýalar eýýamynda sagdyn durmuş ýörelgeleri, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmagyň özeninde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwlet tarapyndan halkyň bagtyýarlygy we abadançylygy, beden we ruhy sagdynlygy babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly tagallalar bar. Uly ösüşlere, özgerişlere beslenen diýarymyzda 2017-nji ýylyň “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýlip atlandyrylmagy halkymyzy buýsandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ösüp gelýän ýaş neslimizi zyýanly endiklerden goramak, sagdyn durmuş endiklerini wagyz etmek, olaryň islän hünärine eýe bolmagy, döretmegi ugrunda yzygiderli durmuşa geçirilýän ägirt uly işler hemmäni begendirýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde stadionlar, sport meýdançalary, sebitde iri bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, atçylyk-sport toplumlary bina edilýär. Olar sportuň dürli görnüşleri bilen köpçülikleýin meşgullanmaga hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmäge ýardam edýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagy mynasybetli guralan “Awtoulagsyz gün” atly çäreler toplumy köpçülikleýin welosipedli ýöriş watandaşlarymyzyň müňlerçesini özünde jemledi. Guralýan şunuň ýaly köpçülikleýin sport çäreleri ýurdumyzda asylly ýörelgä öwrüldi.
Gözel Aşgabadymyzyň gözümiziň alnynda dünýäniň iri sport merkezine öwrülip barýandygy biziň her birimizi buýsandyrýar. Paýtagtymyzdaky onlarça stadionlar, Buzly köşk, Suw toplumy, Gyşky oýunlar sport toplumy we beýleki sport desgalarynyň ençemesi ilatyň iň köp barýan ýerlerine öwrüldi. Aşgabat Aziadasyna görülýän düýpli taýýarlyk binagärlik işlerinde hem öz aýdyň beýanyny tapýar: paýtagtymyzda özboluşly sport toplumy – diňe Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi bina edildi. Şäherçäniň üpjünçilik derejesi, onuň ýokary tehnologiýaly düzümi, amatlylygy hem-de gaýtalanmajak estetiki keşbi görenleri haýrana goýýar. Bu binanyň oňaýly aýratynlyklarynyň dünýäde deňiniň-taýynyň ýokdugy baradaky maglumat ähli halkymyzy begendirdi. Aşgabadyň täze döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. “Aşgabat 2017”-niň esasy nyşany – ahalteke bedewiniň çeper-monumental keşbi bu täsin şäherçäniň gaýtalanmajak binagärlik alamatyna öwrüldi. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginden öňürti, aýratynlyklary ýazyp bellemek üçin 2017-nji ýylyň 6-njy martynda geçirilen ölçeglere laýyklykda, atyň şekiliniň beýikligi 40,05 metr (131 fut 4,9 dýuým), uzynlygy 37, 69 metre (123 fut 7, 9 dýuým) hem-de ini 40, 24 metre (132 fut 0,6 dýuým) barabar boldy.
Ikinji güwänama Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi mynasyp boldy. Bu toplumda birwagtyň özünde bäş müň janköýer ýaryşlara tomaşa edip biler. Toplumyň içinde ýaryşlary geçirmek we türgenleri taýýarlamak üçin niýetlenen dürli ölçegdäki howuzlaryň 4-si ýerleşýär. 2017-nji ýylyň 26-njy aprelinde Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleriniň geçiren ölçeglerine laýyklykda, howuzlaryň umumy meýdany 4 müň 976, 65 inedördül metre (53 568 inedördül fut) deň boldy. Desganyň düzümine sport terapiýasynyň meýdançasy, sport-sagaldyş zaly, oňaýly egin-eşik çalşyrylýan otaglar hem-de türgenler üçin dynç alyş otagy, ilkinji lukmançylyk kömegini berýän bölüm girýär. Restoran, kafe, birnäçe garbanyşhana göz öňünde tutulan.
Ösüp gelýän ýaşlaryň köpçülikleýin sport we bedenterbiýe bilen barha giňden meşgullanýandyklary guwandyryjydyr. Halkara ýaryşlarynda ýurdumyzyň abraýyny goraýan türgenleriň sany barha artýar. Olimpiýa, yklym we sebit oýunlarynda ussatlyk bilen çykyş etjek sport ussatlary we türgenler taýýarlanylýar, olar öz başarnygyny abraýly halkara ýaryşlarynda görkezýärler. Esasy zat bolsa, sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlarymyzyň hataryna goşuljak güýçli ýaş türgenlerimiz ýetişýär. Türkmenistanly türgenler ýylyň-ýylyna halkara we sebit ýaryşlarynda uly ýeňişleri gazanýarlar. Bu bolsa, sport ussatlarymyzyň “Aşgabat 2017”-de üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorajakdyklaryna ynamy berkidýär.
Olimpiýa oýunlaryny geçirmekde dünýä jemgyýetçiliginiň uly ynamyna mynasyp bolan türkmen paýtagty sport gözelligini äleme ýaýýan mekana öwrülýär.
Goý, berkarar döwletimizi ähli ugurlarda ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli belent tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Ogulnabat SARYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.