Bu maşgalanyň agzalarynyň ir säheri bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmekden başlanýar. Kiçijik Aýşagüle çenli ýerinden turan badyna daşaryk ertirki maşklaryny ýerine ýetirmäge çykan atasydyr doganlarynyň ýanyna ylgap baryp, olaryň edýän hereketlerine goşulyp, şolardan galmajak bolup gaýmalap ýörşi görenlerde guwanç döredýär. Meredowlaryň durmuşdaky esasy şygary: „Sagdyn durmuş ýörelgesinden sagdyn beden we sagdyn ruh bilen hereket etmeli” diýen şygar.
– Bu şygar çagalarymyzdan başlap, ululara çenli hökmany ertirki bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, wagtly – wagtynda dogry iýmitlenmek, sport çärelerine gatnaşmak ýaly häsiýetleri terbiýeleýär. Sagdyn beden bolsa, adamda sagdyn ruhy terbiýeleýär – diýip, bu agzybir ojagyň eýesi Aýbölek gelneje gürrüň berýär.
Sportuň adam üçin edil howa ýaly zerurdygy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary Berdiýewlerde düşündiriş talap etmeýär. Sebäbi maşgalabaşy Berdimyrat Meredow kyrk ýyldan gowrak Türkmenistanyň sport ulgamynda zähmet çekip, häzirki wagtda hormatly dynç alyşda. Berdimyrat aga has hem zähmetkeşleriň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmeklige, türgenleriň halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, türkmen sportunyň abraýyny ýokary derejelere galdyrmaklyga aýratyn goşant goşan adam.
Ol ýörite toparlara ýolbaşçylyk edip, Bolgariýanyň Albena, Warna şäherlerinde, Belarusda, Azerbaýjanda, Gyrgyz Respublikasynyň Çolpanata şäherinde, Yssykkölde sportuň woleýbol, suwda ýüzmek, uly tennis, futbol, darts (naýzajyklar bilen nyşana urmak) görnüşleri boýunça geçirilen halkara ýaryşlarynda ildeşlerimiziň baýrakly orunlary eýelemeklerini üpjün etdi. Şol ýaryşlarda „Meniň maşgalam“ ady bilen geçirilýän ýaryşlarda hem maşgala agzalary bolup, sportuň ýeňil atletika (uzynlygyna bökmek, ylgamak, päsgelçiliklerden geçmek) ýaly görnüşlerinde türkmen maşgalalary hem çykyş edip, ýaryşlara tomaşa edýänlerde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ýeten uly derejelerine haýran galmak duýgusyny oýarýardy.
– Ýurt Baştutanymyz döwlet başyna geçenden soň, ilatyň arasynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmeklige aýratyn üns berýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, etrapdyr şäherlerde dünýä ülňülerine gabat edilip gurlan ajaýyp sport desgalary her bir raýatyň göwni islän sport görnüşi bilen meşgullanmagyna mümkinçilik berýär – diýip, Berdimyrat aga gürrüň berdi.
Berdimyrat aganyň agtyklary Gurbanmyrat, Annamyrat, Orazmyrat sportuň suwda ýüzmek, Ogulgerek şaşka oýnunyň, Läle buzuň üstünde typmagyň syrlaryny öwrenmek üçin şol görnüşler boýunça sport toplumlaryna gatnaşýarlar. Alty çagany ösdürip kemala getiren Aýbölek gelnejäniň ykbaly hem sport bilen bagly. Ol Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komitetiniň „Gyşky oýunlar sport toplumy“ döwlet kärhanasynda tehniki işgär bolup işlemek bilen sportuň darts görnüşi boýunça ýeterlikli tejribe toplady.
– Darts oýny gözbaşyny iňlislerden alyp gaýdýar, dostlaryň oýny adyna mynasyp bolan bu gyzykly oýun çeýeligi talap edýär. Aýbölek gelneje bu oýun boýunça geçirilen halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegi başardy – diýip, „Hanmudo“ söweşjeň sungaty federasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Arif Buharakow aýdýar.
Hawa, Aýbölek Meredowa „Hanmudo“ federasiýasynyň düzüminde geçirilen ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe boldy we halkara bäsleşiklere gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýlelikde, ol darts oýny boýunça Bolgariýada, Gyrgyz Respublikasynda, Azerbaýjanda, Belarusda geçirilen halkara ýaryşlaryna gatnaşyp,öňdäki orunlary eýelemegi başardy. Ol bu ýaryşlara çagalary Röwşeni, Azady, Täzegüli hem alyp gitdi we maşgala bolup, sportuň darts, ýeňil atletika, suwda ýüzmek ýaly toparlaýyn geçirilen ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny goradylar.
– Hormatly Prezidentimiziň badalga bermegi bilen ýurdumyzda welosiped sportuny täzeden dikeltmek we ony dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmek başlandy. Merdana halkymyzyň sagdynlygy, berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň belende göterilmegi üçin edýän taýsyz tagallalary üçin mähriban Arkadagymyza hoşallygymyzyň çägi ýok. Paýtagtymyzda gurlan Olimpiýa şäherçesi her bir raýatyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyna uly ýardam eder. Bu zatlar biziň ýaşlykda eden arzuwlarymyzyň miwesi, çagalarymyz üçin bolsa, bahasyna ýetip bolmajak jenneti döwran – diýip, Aýbölek gelnejedir Berdimyrat aga ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
– Ynha, ýakyn wagtda mermer paýtagtymyz Aşgabatda dabara bilen açyljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna dünýäniň ençeme ýurdundan türgenler we myhmanlar geler. Olar biziň bagtyýar, parahat, asuda Watanymyza haýran galarlar – diýip, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Berdimyrat Meredow buýsançly bakyşyny uzaklara aýlaýar.
Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.