Elektrik togy bilen hereket edýän ulaglary öndürýän kompaniýalarynyň hataryna dünýä belli “Ford” kompaniýasy hem goşuldy. Bu kompaniýa Hytaýyň “Anhui Zotye Automobile” şereketi bilen degişli ylalaşyga gol çekişip, bilelikdäki önümçilik kärhanasyny döretmek kararyna geldi. Elektrik togy bilen işleýän ulaglar hytaýly sarp edijilere hödürlener.
Täze önümçilik kärhanasynda elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň işlenip düzülmegi, öndürilmegi hem-de satuwynyň amala aşyrylmagy ýola goýlar. Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasy energiýanyň arassa çeşmeleriniň hasabyna öndürilýän ulaglaryň iň köp isleg bildirilýän ýurdudyr.
Ýurtda gibrid, ýagny kiçi göwrümdäki ulaglaryň sany 1 milliona ýetdi. Olaryň 825 müňüsiniň elektrik togy bilen işleýändigi mälim edildi. 2020-nji ýyla çenli şeýle ulaglaryň sany 5 milliona ýeter. 2016-njy ýyl boýunça Hytaý elektormobilleriň hem-de kiçi göwrümli ulaglaryň satuwynda birinji orny eýeledi.
“Ford” kompaniýasy 2025-nji ýyla çenli Hytaýyň elektromobil bazarynyň ösüş depgininiň 6 milliona ýetmegine garaşylýandygyny we onuň, takmynan, 4 millionynyň elektrik togy bilen hereket edýän ulaglar boljakdygyny mälim etdi. Şonuň üçin kompaniýa şeýle ulaglaryň önümçiligi üçin 4,5 milliard dollar maýa goýdy. Öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda elektromobilleriň täze 13 görnüşiniň öndürilmegi göz öňünde tutulýar.