Belarusda öndürilen elektrik togy bilen işleýän ulagyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze ulagy ýurduň hökümetiniň başlygynyň orunbasary Wladimir Semaşko synagdan geçirdi.
– Ulag sürmek üçin örän amatly. Beýleki ulaglardan tapawudy ýok – diýip, Wladimir Semaşko belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu ulaglaryň zarýad beriji ulgamlaryny “Witýaz” kärhanasy öndürýär. Onuň batareýasy 4-6 sagada çekýär. Ulagyň akkumulýatorynyň güýji bilen 100-150 kilometr ýol geçmek mümkin.
Şeýle ulagyň köp möçberde önümçiligini ýola goýmak işi ýokary depginde alnyp barylýar.