De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da Gü­nüň tu­tul­mak ha­dy­sa­sy bolup geçdi. 200 mil­lio­na go­laý adam bu ha­dy­sa to­ma­şa et­di we ol şu wag­ta çen­li iň köp to­ma­şa edi­len we su­ra­ta dü­şü­ri­len te­bi­gy ha­dy­sa hök­mün­de ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ryn­da öz or­nu­ny al­dy. ABŞ-da mun­dan ozal, şeý­le wa­ka 1918-nji ýyl­da bo­lup­dy. ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp hem-de onuň maş­ga­la­sy 99 ýyl­dan soň­ra tä­ze­den gaý­ta­la­nan bu ha­dy­sa­nyň şa­ýa­dy bol­du­lar. Tak­my­nan, 3 mi­nut do­wam eden Gü­nüň tu­tul­mak ha­dy­sa­syna ABŞ-nyň 14 şta­tyn­yň bir­nä­çe şä­he­rin­de köp san­ly ada­myň gat­naş­ma­gyn­da uly baý­ram­çy­lyk de­re­je­sin­de to­ma­şa edil­di.
Şu ýy­lyň 21-nji aw­gus­tyn­da bo­lup ge­çen tebigy ha­dy­sa Ame­ri­ka­nyň kos­mos agent­li­gi (NA­SA) ta­ra­pyn­dan gö­ni ýaý­lym­da al­nyp be­ril­di. Bu ýaý­ly­ma 4 mil­li­on 400 müň adam to­ma­şa et­di.