Hytaýyň Szilin welaýatynyň Çançun şäherinde bilelikdäki hytaý-german awtoulag kompaniýasy “FAW-Volkswagen” 15 millionynjy ulagyny öndürdi. Kompaniýanyň bu üstünligi mynasybetli dabara geçirildi. Şol dabarada çykyş eden kompaniýanyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Sýuý Lýupin bu wakany başlangyç hökmünde kabul edýändiklerini mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, bilelikdäki kärhana täze üstünliklere ymtylýar.
Bu kärhana 1991-nji ýylda döredildi. Çançun şäherinde ýerleşýän kompaniýasy “Volkswagen” we “Audi” kysymly ulaglary öndürýär. 2020-nji ýylda Çançun, Çendu, Foşan, Sindao we Týanszin ýaly iri şäherlerde önümçilik toplumlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Şoňa çenli bir ýyldaky ulag önümçiligi 3 milliona golaýlar.
Kompaniýa 20 ýyl 8 aýyň dowamynda önümçiligini kem-kemden artdyryp, 15 milliona ýetirdi. 26 ýylyň dowamynda 400 milliard ýuan möçberinde salgyt töledi.