Hytaý Halk Respublikasynyň öňe sürýän “Bir zolak – bir ugur” taslamasynyň gerimi giňeýär. Ýurduň iri döwlet banklary bu taslamanyň çäklerinde durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan infrastruktura taslamalaryna onlarça milliard dollar maýa goýum gönükdirmegi maksat edinýär. Bu barada “Reuters” habarlar gullugy habar berýär.
Hytaýyň möçberi boýunça ikinji uly maliýe edarasy bolan “China Construction Bank Corp” banky ägirt uly taslamanyň durmuşa ornaşdyrylmagy üçin 100 milliard ýuan (15 mlrd$) möçberinde gazna döretdi. Maliýe edarasy şol birwagtda maýadarlar üçin tanyşdyrylyş çärelerini hem guraýar. Ýurduň ýene-de bir iri döwlet banky Hytaýyň Banky (BOC) bolsa, 20 milliard ýuan möçberinde serişde bölüp bermegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, ýurduň ýene-de 2 sany iri banklary – Söwda-senagat banky hem-de Oba hojalyk banky “Bir zolak – bir ugur” taslamasy üçin ägirt uly möçberde serişde gönükdirmegiň maksatnamasynyň üstünde işleýär.
Hytaýyň ýolbaşçy düzüminiň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan “Bir zolak – bir ugur” taslamasy babatda gadymy Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi hem-de şol ugurda ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär. Munuň üçin ýurduň hökümeti köp milliardlyk taslamalar üçin maliýeleşdirmegiň çeşmelerini artdyrmagy maksat edinýär. Ägirt uly taslama Hytaý bilen dünýä ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna itergi berer.