2017-nji ýylyň 2-nji çärýeginde “iPhone–7” hem-de “iPhone–7 Plus” kysymly ykjam aragatnaşyk telefonlary dünýäniň iň meşhur smartfonlary boldy. Bu barada “Strategy Analytics” kompaniýasy habar berýär. Şu ýylyň aprel–iýun aýlary aralygynda 17 million “iPhone–7” hem-de 15 million “iPhone–7 Plus” satyldy. Dünýä belli “Apple” kompaniýasynyň “iPhone–7” kysymly telefony ykjam aragatnaşyk ulgamynyň iň meşhury boldy. Şeýle hem dünýäde köp isleg bildirilýän telefonlaryň sanawynda öňdebaryjy orunlary Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasynyň “Galaxy–S8” we “S8+” hem-de Hytaýyň “Xiaomi Redmi–4A” telefonlary eýelemegi başardy.