Soňky ýyllarda Gün energiýasynyň arassa çeşmelerinden giňden peýdalanylýar. Bu ugurdaky taslamalar halk hojalygynyň ähli pudagyny gurşap aldy. Ýaňy-ýakynda Türkiýe Respublikasynyň GAPTAEM (Günorta-gündogar Anadoly taslamasy oba hojalyk ylmy-derňew instituty) tarapyndan ýasalan Gün energiýasy bilen işleýän suwaryş ulgamy synagdan geçirildi. Ulgamda Gün energiýasy bilen doldurylýan 2 akkumulýator, 1 motor, 6 görnüşli dürli çuňlukdan suw sorujy nasosyň nurbadynyň ujy ýerleşdirilen. Ol 14 sagat işlemäge ukyply. Şeýle ulgamyň dünýäde ilkinji gezek synagdan geçirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Institutyň degişli alymlar topary bu taslamanyň üstünde 5 ýyl işlediler. Emele gelen täze ulgamy ýurduň Şanlyurfa şäheriniň golaýyndaky ekerançylyk ýerlerinde ulanmak göz öňünde tutulýar. Ekin meýdanlarynyň tiz-tizden suwarylmagy zerur. Şol sebäpli bu ulgamyň berjek peýdasy sanardan köp bolar diýip, institutyň işgärleri belleýärler.