Ýer ýü­zü­niň haý­sy­dyr bir ýe­rin­de Gü­nüň ýa-da Aýyň tu­tu­lan­dy­gy­ny met­bu­gat we te­le­ýaý­lym ar­ka­ly görensiňiz, eşi­den­si­ňiz. Eý­sem, Gün nä­dip tu­tul­ýar­ka? Bu ha­dy­sa Aýyň Ýer bi­len Gü­nüň ara­ly­gy­na gir­me­gi esasynda ýü­ze çyk­ýar. Aýyň bu he­re­ke­ti Ýe­re kö­le­ge sal­ýar we tümlük ähli ýeri gurşap alýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ýer Gü­nüň da­şyn­dan aý­lan­ýar. Ýe­riň hem­ra­sy Aý hem Ýe­riň da­şyn­dan aý­lan­ýar. Bu he­re­ket bel­li ara­lyk­lar­dan Ýe­riň haý­sy­dyr bir ýe­rin­de Gün ýa-da Aý tu­tul­mak ha­dy­sa­sy­ny eme­le ge­tir­ýär. Ýag­ny Gün, Aý we Ýer deň çy­zy­gyň ug­run­da ýerleşýär. Hä­zir­ki ösen teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly tu­tul­ma ha­dy­sa­sy­ny bir­nä­çe ýyl, hat­da asyr öňün­den anyk­la­mak müm­kin. Gün üç gör­nüş­de tu­tul­ýar – hal­ka­ly, bö­lek­le­ýin we do­lu­ly­gy­na. Gü­nüň tu­tu­lan wag­tyn­da­ky şe­ki­li­niň nä­hi­li bol­jak­dy­gy Aýyň, Ýe­riň we Gü­nüň he­re­ke­ti­ne bag­ly bol­ýar. Aý Ýe­riň da­şyn­dan aý­lan­ýan ma­ha­ly el­lips şe­ki­lin­de bol­ýar we öza­ra uzak­ly­gy yzy­gi­der­li üýt­ge­ýär. Tu­tul­ma wag­tyn­da Aý Ýe­re ýa­kyn bol­sa, dia­met­ri Gü­nüň­ki­den has uly bo­lup gö­rün­ýär we Gü­nüň ýü­zü­ni tu­tuş­ly­gy­na di­ýen ýa­ly ört­ýär.
Aý Ýer­den uzak­da bol­sa, Gü­ni tu­tuş­ly­gy­na ör­tüp bil­me­ýär, di­ňe iç­ki bö­le­gi­ni ýap­ýar. Mu­ňa hal­ka­ly Gün tu­tul­ma­sy di­ýil­ýär. Aý dur­ýan ýe­ri­ne bag­ly­lyk­da, Gü­nüň bel­li bir bö­le­gi­ni ýap­ýan bol­sa, bö­lek­le­ýin Gün tu­tul­ma­gy di­ýil­ýär. Ýy­lyň do­wa­myn­da Gün tu­tul­mak ha­dy­sa­sy dünýäniň dürli ýerinde 2-5 ge­zek bo­lup geç­ýär.