Sent­ýab­ryň 14-24-i ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek Frank­furt aw­tou­lag ser­gi­si­niň bar­ha go­laý­laş­ma­gy bi­len iri aw­tou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­lar öz­le­ri­niň soň­ky ma­şyn­la­ry­ny köp­çü­li­giň dyk­ga­ty­na ýe­ti­rip baş­la­dy­lar. Ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­tou­lag­la­ry ön­dür­me­gi bi­len ady­gan “Fer­ra­ri” kom­pa­ni­ýa­sy özü­niň iň ar­zan ba­ha­dan sa­tyl­jak mo­de­li­ni ta­nyş­dyr­dy. “Por­to­fi­no” at­ly ulag 200 müň dol­la­ra go­laý ba­ha­dan sa­ty­lar. 3,9 litr­lik 8 silindrli “Por­to­fi­no”-nyň kuw­wa­ty 592 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lar. 3,5 se­kunt­da 100 ki­lo­metr/sa­gat tiz­li­ge çyk­ýan ula­gyň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi 320 ki­lo­metr bo­lar. 10,2 dýuým­lyk ek­ran ula­gyň iç­ki be­ze­gi­niň üs­tü­ni ýe­ti­rer. Mun­dan ozal­ky iň ar­zan mo­del “Cali­for­nia” bo­lup, ola­ryň pe­si 200 müň dol­lar­dan sa­tyl­ýar­dy. Tä­ze mo­del beý­le­ki do­gan­la­ry “812 Su­per­fast”-e we “GTC4Lus­so”-a meň­ze­ýär. Ulag ba­ra­da has gi­ňiş­le­ýin mag­lu­ma­ty al­mak üçin Frank­furt­da ge­çi­ril­jek ser­gä ga­raş­ma­ly bo­lar.