Şu ýylyň 3-5-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda BRIKS ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler. Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý hem-de Günorta Afrika Respublikasynyň agzasy bolan BRIKS sammitine Meksikanyň Prezidenti Enrike Penýa Nýeto hem barar. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çagyrmagy boýunça bu ýurtda saparda bolmagyna garaşylýan Meksikanyň Prezidenti işewürler maslahatyna hem-de birnäçe ýokary derejedäki maslahata gatnaşar.