Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy 2018-nji ýyl­da ne­bit önüm­çi­li­gi­ni 86 mil­li­on ton­na ýe­tir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da ýur­duň mil­li yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Ti­mur Su­leý­ma­now ha­bar ber­di.
– Ne­bit önüm­çi­li­gi­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýä­ris. 2018-nji ýyl­da bu ugur­da­ky gör­ke­zi­ji­ni 6,2 gö­te­rim art­dy­ryp, 86 mil­lio­na ýe­tir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. 2022-nji ýyl­da bol­sa bu gör­ke­zi­ji 88,6 mil­lio­na ýe­ti­ri­ler – di­ýip, mi­nistr hö­kü­met mej­li­sin­de bel­läp geç­di.
2017-nji ýyl­yň ahyryna çenli ýur­duň ne­bit önüm­çi­li­gi­niň 81 mil­li­on ton­na go­laý­la­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le­lik­de, 2018-nji ýyl­da­ky mak­sat­na­ma ýet­mek üçin hem bu go­wy müm­kin­çi­lik bolar. Ýur­duň ener­ge­ti­ka mi­nist­ri Ka­nat Bo­zum­ba­ýew bol­sa, ne­bit önüm­çi­li­gi­ni çak­la­ny­lan gör­ke­zi­ji­den hem köp bol­ma­gy ug­run­da ta­gal­la edil­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. 2016-njy ýyl­da ýurt de­re­je­sin­de 78 mil­li­on ton­na ne­bit ön­dü­ril­di.