Kos­mos pu­da­gy­nda iş alyp bar­ýan dün­ýä­niň iň iri hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­sy “SpaceX”-iň ýol­baş­çy­sy Ilan Mask kos­mo­nawt­la­ra ni­ýet­le­nen tä­ze ly­bas­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Mask ýa­kyn­da bu eşi­giň has köp su­ra­ty­ny köp­çü­li­ge gör­kez­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Tä­ze ly­bas­lar ada­ty eşik­ler­den örän ta­pa­wut­ly. Adat­ça, kos­­mo­nawt­lar üçin ni­ýet­le­nen eşik­ler we beý­le­ki es­bap­lar giň bol­ýar. Em­ma “SpaceX”-iň eşik­leri ýe­ňil we ra­hat­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ak eşik­ler dür­li sy­nag­lar­dan ge­çi­ri­lip­dir. Bu ly­bas­lar kos­mos­da gä­mi­niň da­şy­na çy­ky­lan­da däl-de, kos­mo­sa gi­di­len­de ýa-da gaý­dy­lan­da, kap­su­la­da geý­mä­ge ni­ýet­le­nip­dir. Şol se­bäp­li bu eşik­ler Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne gat­na­lan­da ge­ýi­ler. Olar kap­su­la­nyň ba­sy­şy pe­sel­di­len ma­ha­ly kos­mo­naw­tyň sag­ly­gy­na haý­sy­dyr bir zy­ýa­nyň ýet­me­gi­niň öňü­ni alar.