Ita­li­ýa­nyň Si­si­li­ýa we­la­ýa­ty­nyň be­re­ket­li top­rak­la­ryn­da ýe­tiş­ýän pyr­ty­kal­la­ryň ga­byk­la­ry we to­hum­la­ry ener­gi­ýa, egin-eşik we azyk ön­dür­mek üçin peý­da­la­nyl­ýar.

2011-nji ýyl­da Mi­lan şä­he­rin­de bezeg işleri ug­run­dan bi­lim al­ýan Ad­ria­na San­to­no­si­to dog­duk me­ka­ny Si­si­li­ýa ada­sy­nyň Ka­ta­ni­ýa şä­he­rin­de pyr­ty­kal ga­byk­la­ry­ny has ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň ala­da­sy­ny edip baş­la­ýar. San­to­no­si­to ýü­pek­den taý­ýar­lan­ýan egin-eşik­le­ri pyr­ty­kal ga­by­gyn­dan al­nan sü­ýüm­den taý­ýar­la­ma­gy okuw mek­de­bin­de ýyl­lyk iş hök­mün­de hö­dür­le­di. Ol okuw mek­de­bi­niň tejribe otagynda pyr­ty­kal ga­by­gyn­da­ky sell­ýu­lo­za­ny sü­ýüm­den aýyr­ma­gyň usu­ly­ny oý­lap tap­dy we onuň güwänamasyny al­dy. As­lyn­da, bu ozal­dan hem mä­lim­di, em­ma ýaş hü­när­men hi­mi­ki mad­da­lar ar­ka­ly bu ma­te­ria­ly ýüp­lü­ge öw­rüp bol­jak­dy­gy­ny anyk­la­dy. Hä­zir­ki wagt­da San­to­no­si­to­mi we su­wu­ny ön­dür­ýän ýer­li kär­ha­na­la­ryň bi­rin­de öz ofi­si­ni gur­dy we önüm­çi­li­ge baş­la­dy.
Şeý­le hem pyr­ty­kal ga­byk­la­ryn­dan ýag­syz un hem alyp bol­ýar. Bu usul Ka­ta­ni­ýa uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Şeý­le­lik­de, çö­rek ön­dür­ýän kär­ha­na­lar tä­ze azyk önü­mi­ni çig mal hök­mün­de peý­da­la­nyp bi­ler­ler. Uni­wer­si­tet­de ön­dü­ri­len 300 ki­log­ram un şä­he­riň çö­rek kär­ha­na­la­ry ta­ra­pyn­dan sy­nag­dan ge­çi­ril­di we onuň ta­ga­my­na ýo­ka­ry ba­ha be­ril­di. Hü­när­men­ler bu azyk önü­mi­niň sag­ly­ga örän peý­da­ly­dy­gy­ny aý­dyp, iç­gi­le­re hem go­şup bol­jak­dy­gy­na ün­si çek­ýär­ler.
Si­si­li­ýa­da­ky Mus­so­me­li şä­her­çe­sin­de bol­sa, pyr­ty­kal ga­byk­la­ry elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny al­mak­da peý­da­la­nyl­ýar. Bu ýer­dä­ki fer­ma­la­ryň bi­rin­de 16 müň 430 ton­na ga­byk­dan ön­dü­ri­len bio­gaz­dan 24,000 ki­lo­watt elekt­rik to­gy al­nyp­dyr.
Mi­we önüm­le­ri­ni sat­mak bi­len meş­gul­lan­ýan “Ag­ru­mi­Gel” şe­re­ke­ti­niň ýol­baş­çy­sy Sal­wa­to­re Im­be­si pyr­ty­ka­lyň ula­nyl­ma­ýan ga­lyn­dy­la­ry­na “pas­taz­zo” di­ýil­ýän­di­gi­ni we her ýyl­da şeý­le ga­lyn­dy­nyň 200 müň ton­na­sy­nyň ýü­ze çyk­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Mun­dan ozal, ola­ry ýok et­mek üçin hem um­ma­syz çyk­da­jy edil­ýän eken.