11-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­ny Bel­gi­ýa bi­len Gol­lan­di­ýa döw­let­le­ri bi­le­lik­de gu­ra­dy. Il­kin­ji ge­zek uly sport baý­ram­çy­ly­gy­ny 2 ýurt bi­le­lik­de ge­çir­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­lar­dan soň, fi­nal­da Fran­si­ýa bi­len Ita­li­ýa du­şuş­dy. Ta­ry­hy fi­nal ital­ýan­lar üçin ju­da gy­nanç­ly ýag­daý­da ta­mam­lan­dy we Fran­si­ýa no­bat­da­ky çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy.
11-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň saý­la­ma tap­gy­ryn­da 49 ýy­gyn­dy çy­kyş edip, olar­dan An­dor­ra il­kin­ji ge­zek gat­naş­dy. Her to­par­ça­dan 1 ýy­gyn­dy we 2-nji ýe­ri eýe­län­le­riň iň go­wu­sy, je­mi 10 to­par gö­nü­mel ýol­lan­ma alan bol­sa, ga­lan 4 ýy­gyn­dy üçin pleý-off oý­nal­dy. 2 to­par bol­sa, ýer eýe­si hök­mün­de saý­la­ma tap­gy­ry­na gat­naş­ma­dy. 1-nji to­par­ça­dan Ita­li­ýa, 2-nji­den Nor­we­gi­ýa, 3-nji to­par­ça­dan Ger­ma­ni­ýa fi­nal tap­gy­ry­na pe­tek alan to­par­lar bol­dy. Nor­we­gi­ýa­nyň il­kin­ji ge­zek gat­na­şan­dy­gy-da bel­lär­lik­li­dir. Fran­si­ýa­dyr Şwe­si­ýa we Is­pa­ni­ýa de­giş­li­lik­de, 4-nji, 5-nji hem-de 6-njy to­par­ça­ny li­der­lik­de ta­mam­la­dy­lar. 7-nji to­par­ça­da Ru­my­ni­ýa 1-nji, Por­tu­ga­li­ýa 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Por­tu­gal­lar ha­sa­ba al­nan 6 oýun­da iň ýo­ka­ry ne­ti­jä­ni gör­ke­zip, iň go­wy 2-nji ýer di­ýen at bi­len fi­nal tap­gy­ry­na gat­naş­dy. 8-nji we 9-njy to­par­ça­lar­dan Ýu­gos­la­wi­ýa­nyň hem-de Çe­hi­ýa­nyň mil­li to­par­la­ry ýa­ry­şa go­şul­dy. Pleý-off tap­gy­ryn­da Ang­li­ýa Şot­lan­di­ýa­ny, Da­ni­ýa Ys­ra­ýy­ly, Slo­we­ni­ýa Uk­rai­na­ny, Tür­ki­ýe-de Ir­lan­di­ýa­ny utup, soň­ky fi­nal­çy­lar bol­dy. Slo­we­ni­ýa üçin bu il­kin­ji sy­na­ny­şyk bol­dy.
“A” to­par­ça­da soň­ky çem­pi­on Ger­ma­ni­ýa bi­len bir ha­tar­da, Ru­my­ni­ýa­nyň, Ang­li­ýa­dyr Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry du­şuş­dy. 1-nji oýun­lar­da Ger­ma­ni­ýa bi­len Ru­my­ni­ýa deň­me-deň oý­nan bol­sa (Meh­met Şoll 28 — Mol­do­wan 5), Por­tu­ga­li­ýa gar­şy­da­şy­nyň 2–0 ha­sa­byn­da öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, çe­ke­le­şik­li ge­çen du­şu­şyk­da Ang­li­ýa­ny 3–2 ha­sa­byn­da ut­dy (Fi­go 22, Ž. Pin­to 37, N. Go­meş 59 — Skouls 3, Mak­Ma­na­man 18). 2-nji oýun­lar 1–0 ha­sa­byn­da ta­mam­la­nyp, Ang­li­ýa Ger­ma­ni­ýa­ny Alan Şi­re­riň (53), Por­tu­ga­li­ýa-da Ru­my­ni­ýa­ny Kos­ti­nia­nyň (90+4) go­ly bi­len ýeň­di. Soň­ra Por­tu­ga­li­ýa Kon­çei­çao­nyň het-tri­gi (35, 54, 71) bi­len Ger­ma­ni­ýa­ny 3–0 ha­sa­byn­da utup, soň­ky çem­pio­ny öýü­ne ug­rat­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da iň­lis­ler ru­myn­lar­dan 3–2 (Ki­wu 22, Mun­tea­nu 48, Ga­nea 89 p — Şi­rer 41 p, Owen 45) ha­sa­byn­da as­gyn ge­lip, olar hem ýa­ry­şy wag­tyn­dan ir terk et­di.
“B” to­par­ça­da ýer eýe­si Bel­gi­ýa, Ita­li­ýa, Tür­ki­ýe we Şwe­si­ýa öza­ra güýç sy­na­nyş­dy. Ital­ýan­lar 3 oýun­da-da ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Olar il­ki Tür­ki­ýä­ni 2–1 (Kon­te 52, F. In­za­gi 70 p — Okan 62) , soň­ra ýer eýe­le­ri Bel­gi­ýa­ny 2–0 (Tot­ti 6, Fio­re 66) we soň­ky du­şu­şy­gyn­da-da Şwe­si­ýa­ny 2–1 (Di Bia­jo 39, Del Pie­ro 88 — Lars­son 77) ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Ýer eýe­si Bel­gi­ýa Şwe­si­ýa­ny 2–1 (Go­or 43, E. Mpen­za 46 — Mýall­bi 53) ha­sa­byn­da utup, şow­ly baş­lan hem bol­sa, olar il­ki ital­ýan­lar­dan, soň­ra türk­ler­den 2–0 (Ha­kan Şü­kür 45, 70) ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Aý­ra­ty­nam, ola­ryň Tür­ki­ýe bi­len bo­lan oý­nun­da Ha­kan Şü­kü­riň ge­çi­ren 1-nji go­ly fut­bo­lyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Tür­ki­ýe bu oýun­dan öň Şwe­si­ýa bi­len 0–0 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nap­dy. Ne­ti­je­de, Ita­li­ýa 9, Tür­ki­ýe 4 utuk top­lap, çär­ýek fi­na­la çyk­dy.
“C” to­par­ça­da ýa­ry­şyň deb­ýu­tan­ty Nor­we­gi­ýa Is­pa­ni­ýa­ny 1–0 (Iwer­sen 64) ha­sa­byn­da utup hem­mä­ni geň gal­dyr­dy. Iki goň­şy ýurt bo­lan Ýu­gos­la­wi­ýa bi­len Slo­we­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk 3–3 ha­sa­byn­da deň­lik­de gu­tar­dy Za­ho­wiç­dir (23, 57) Paw­li­niň (52) gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da öňe saý­la­nan deb­ýu­tant­lar Mi­lo­şe­wiç (67, 73) bi­len Dru­lo­wi­çiň gol­la­ry­na çä­re ta­pyp bil­me­di. Slo­we­ni­ýa 2-nji oý­nun­da Is­pa­ni­ýa­dan 2–1 (Ra­ul 4, Et­çe­ber­ria 60 — Za­ho­wiç 59) ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Ýu­gos­law­lar Nor­we­gi­ýa­ny Mi­lo­şe­wi­çiň ýe­ke to­py bi­len ut­dy. 3-nji du­şu­şyk­lar­da 2 deb­ýu­tant Slo­we­ni­ýa bi­len Nor­we­gi­ýa­nyň ara­syn­da­ky oýun­da ha­sap açyl­ma­dy. Ýat­dan çyk­ma­jak ta­ry­hy du­şu­şyk­da Is­pa­ni­ýa Ýu­gos­la­wi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan 4–3 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. De­ňe­çer­räk ýag­daý­da do­wam eden du­şu­şyk­da is­pan­lar soň­ky 2 mi­nut­da 2 gol ge­çi­rip, ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy (Al­fon­so 38, 90+5, Mu­ni­tis 51, Men­die­ta 90+4 p – Mi­lo­şe­wiç 30, Go­we­da­ri­ça 50, Koml­ýe­no­wiç 75). Is­pa­ni­ýa bi­len Ýu­gos­la­wi­ýa ýa­ry­şy do­wam et­dir­di.
“D” to­par­ça­da ýa­ry­şy gu­raý­jy­la­ryň beý­le­ki­si Ni­der­land­lar Fran­si­ýa­dyr Çe­hi­ýa hem-de Da­ni­ýa bi­len du­şuş­dy. Fran­suz­lar da­ni­ýa­ly­la­ry 3–0 (Blan 16, An­ri 64, Wil­tord 90+2) ha­sa­byn­da utan bol­sa, gol­land­lar çeh­le­ri kyn­lyk bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di (F. De Bur 89 p). 2-nji oýun­lar­da Fran­si­ýa Çe­hi­ýa­ny 2–1 (An­ri 7, Jor­ka­ýeff 60 – Po­bors­ki 35 p), Gol­lan­di­ýa-da Da­ni­ýa­ny 3–0 (Klui­wert 57, R. De Bur 66, Zen­den 77) ha­sa­byn­da ut­dy. Bu oýun­lar­dan soň, gol­land­lar bi­len fran­suz­lar çär­ýek fi­na­lyň pe­te­gi­ni al­ma­gy ba­şar­dy. 3-nji oýun­lar­da Euro –1996-nyň fi­nal­çy­sy çeh­ler Da­ni­ýa­ny Smi­çe­riň 2 go­ly (64, 67) bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. To­par­ça­nyň li­de­ri­ni saý­la­mak üçin meý­dan­ça çy­kan 2 ýy­gyn­dy Gol­lan­di­ýa bi­len Fran­si­ýa­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da ýer eýe­le­ri 3–2 (Klui­wert 14, F. De Bur 51, Zen­den 59 – Du­ga­ri 8, Tre­ze­ge 31) ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy.
Çär­ýek fi­nal­da Por­tu­ga­li­ýa Tür­ki­ýä­ni Nu­no Go­me­şiň (44, 56), edil şo­nuň ýa­ly-da Ita­li­ýa Ru­my­ni­ýa­ny Tot­ti (33) we In­za­gi­niň (43) gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Fran­si­ýa Is­pa­ni­ýa­nyň mil­li to­pa­ryn­dan Zi­dan we Jor­ka­ýef­fiň gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Beý­le­ki çär­ýek fi­nal­da Gol­lan­di­ýa Ýu­gos­la­wi­ýa­ny 6–1 ha­sa­byn­da der­bi-da­gyn et­di we ýa­rym fi­nal­çy bol­dy. Oýun­da ýer eýe­le­ri­niň gol­la­ry­nyň 3-si­ni Klui­wert, 2-si­ni Ower­mars hem-de Go­we­da­ri­ça (öz der­we­ze­si­ne) to­ra gi­riz­di.
Ýa­rym fi­nal­da Fran­si­ýa dart­gyn­ly ge­çen oýun­da Por­tu­ga­li­ýa­dan kyn­lyk bi­len üs­tün çyk­dy. 19-njy mi­nut­da Nu­no Go­meş bi­len öňe saý­la­nan por­tu­gal­la­ra 51-nji mi­nut­da An­ri jo­gap ber­di. Esa­sy wag­ty deň­lik­de gu­ta­ran du­şu­şy­gyň 117-nji mi­nut­ynda Zi­da­nyň pe­nal­ti­den ge­çi­ren “Al­tyn go­ly” fran­suz­la­ra ýe­ňiş ge­tir­di. Beý­le­ki ýa­rym fi­nal­da “Ams­ter­dam Are­na­da” Ita­li­ýa bi­len ýer eýe­si Gol­lan­di­ýa du­şuş­dy. Oý­nuň 34-nji mi­nu­tyn­da 2-nji sa­ry pe­tek­den soň, gy­zyl pe­tek alan ita­li­ýa­ly Ji­an­lu­ka Zamb­rot­ta meý­dan­ça­dan çy­ka­ryl­dy. Şon­dan soň, oý­nuň do­wa­myn­da Mar­kus Merk Ita­li­ýa­nyň der­we­ze­si­ne gar­şy 2 ge­zek 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy­ny bel­le­di. Ýö­ne 2-sin­de-de il­ki Frank de Bur, soň­ra Pat­rik Klui­wert ha­sa­by açyp bil­me­di. Şun­luk­da, oýun­dan soň, pe­nal­ti­ler­de-de 3–1 ha­sa­byn­da üs­tün­lik ga­za­nan ital­ýan­lar 32 ýyl soň Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da fi­na­la çyk­dy.
Fi­nal du­şu­şy­gy 2-nji iýul­da Rot­ter­dam­da­ky “Fe­ýe­noord” sta­dio­nyn­da oý­nal­dy. Şwe­si­ýaly And­res Fris­kiň emin­lik eden oý­nu­na 48200 jan­kö­ýer gat­naş­dy. Du­şu­şy­gyň 1-nji ýa­ry­myn­da ha­sap açyl­ma­dy. 2-nji ýa­ry­my baş­la­nyn­dan 10 mi­nut soň, has ta­ky­gy, 55-nji mi­nut­da Tot­ti­niň owa­dan pa­sy­ny alan Pes­sot­to to­py je­ri­me meý­dan­ça­sy­nyň içi­ne ge­çir­di. Ony Mar­ko Del­weç­çio dürs urup, ha­sa­by aç­dy. Şon­dan soň fran­suz­lar ha­sa­by deň­le­jek bo­lup ala­da ba­ry­ny et­di­ler. Du­şu­şy­ga emin 4 mi­nut goş­ma­ça wagt ber­di. 90+4-nji mi­nut ta­mam­la­nyp bar­ýar­ka, oý­na soň­dan go­şu­lan Sil­wi­an Wil­tor­d to­py bat­ly dep­di. Ýa­rym fi­na­lyň gah­ry­ma­ny der­we­ze­çi Fran­çes­ko Tol­do bu to­py sak­la­mak ba­şart­ma­dy we ha­sap deň­len­di. Ýog­sam, italýanlar oýnuň gutarmagyna garaşyp, meý­dan­ça­nyň gap­da­lyn­da ku­bo­gy gö­ter­mä­ge taý­ýar­la­nyp hem dur­du­lar. Em­ma bu finalda fut­bol emi­niň soň­ky jür­le­wü­gin­den öň gu­tar­ma­ýar diý­len ýö­rel­ge has hem aý­dyň ýü­ze çyk­dy. Bu go­la la­py­keç bo­lan ital­ýan­lar goş­ma­ça 30 mi­nutyň 1-nji ýa­ry­my ta­mam­la­nyp bar­ýar­ka, ha­sam gy­nan­ma­ly bol­du­lar. 103-nji mi­nut­da oý­na soň­dan gi­ren 2 fut­bol­çy fran­suz­la­ra ýe­ňiş ge­tir­di. Ýag­ny Ro­bert Pi­re­siň pa­syn­dan soň, owa­dan ur­gu­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ren De­wid Tre­ze­ge “Al­tyn gol” bi­len to­pa­ry­na ku­bo­gy ga­zan­dyr­dy. Bu Fran­si­ýa­nyň Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da­ky 2-nji çem­pi­on­ly­gy bo­lup, olar 2 ýyl öň Dün­ýä Ku­bo­gyn­da-da al­tyn me­da­la eýe­lik edip­di­ler. Fran­si­ýa il­ki Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň, soň­ra Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň ýe­ňi­ji­si bo­lan il­kin­ji to­par bol­dy.