Biz birnäçe ýyl bäri sebitde iri sport ýaryşynyň ak mermer paýtagtymyzda geçiriljek günlerine gün sanap, buýsanç bilen garaşdyk. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji bolup, Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe bolmagy ägirt uly abraýdyr. Aziýa oýunlarynyň tapgyrynda yklym ýaryşlarynyň ýokary derejede geçirilmegi eziz Watanymyz üçin möhüm ähmiýetlidir. Dabaraly ýagdaýda öz işine başlajak “Aşgabat 2017” oýunlary 2017-nji ýylyň esasy wakalarynyň birine öwrüler.
Aziýa oýunlary diňe sport ugrundan ösmekden başga-da, ykdysady, maýa goýum, syýahatçylyk ugurlary boýunça hem uly ähmiýete eýedir. Baý medeni-taryhy mirasy bolan beýleki döwletleriň we halklaryň wekillerine hormat goýmak ýörelgelerine, dostlukly gatnaşyklara eýerýän, myhmansöýer ýurt hökmünde Türkmenistanyň geljegini we mümkinçiliklerini açyp görkezmekde hem “Aşgabat 2017”-niň ähmiýeti uly bolar. Bu oýunlar milli sport oýunlarymyzy halkara derejesine çykarmaga hem uly mümkinçilik döreder.
Iri sport çäreleriniň ýurtlaryň ýa-da sebitleriň ykdysadyýetine täsir edişi hem uludyr. Olaryň birinjisi, ulag ulgamydyr. Sport janköýerleri, türgenler, tälimçiler, sport žurnalistleri, sport teswirçileri we beýleki hyzmatlar sferasynyň işgärleri ulaglaryň dürli görnüşlerinden peýdalanmak bilen ýurduň ulag kärhanalaryna girdeji getirýärler, olar bolsa, ýerli býujete goşant goşýarlar. Şeýle hem, ulaglarda ýolagçy gatnawy artýar, ulag ulgamynda täze ugurlar, duralgalar gurulýar, täze iş ýerleri döreýär. Ikinji ugur, myhmanhana işewürligi bilen baglydyr. Ýaryşlaryň geçirilýän ýerlerine gelen janköýerleriň, türgenleriň, tälimçileriň, sport žurnalistleriň we sport teswirçileriniň wagtlaýyn ýaşamaklary üçin myhmanhana hyzmatlarynyň möçberi ep-esli artýar. Hyzmatlaryň dürli görnüşleri we hili bilen üpjün edýän myhmanhanalar, moteller, kempingler we syýahatçylyk merkezleri tarapyndan amala aşyrylýar. Bu hyzmatlar bilen üpjün etmek täze iş ýerleriniň döremegine, guramaçy – sebite pul we walýuta serişdeleriniň gelmegine täsir edýär. Sebäbi, adatça sport çärelerine gatnaşyjylara, esasy işlerinden daşary, dynç almak, syýahatlary guramak we beýleki hyzmatlar hem hödürlenilýär. Bu çärelere olar pul harçlaýarlar, harçlanan pullar bolsa sebitde galýar.
Üçünji ugur sport desgalary bilen baglanyşyklydyr. Häzirki zaman iri ýaryşlary geçirmek (çempionatlar, kubok ýaryşlary, spartakiadalar, olimpiadalar we beýlekiler) ýokary derejede taslanan we gurlan sport desgalaryny – stadionlary, howuzlary, welotrekleri, awtodromlary, sport zallaryny we beýleki sport infrastrukturasyny gurmaklygy talap edýär. Bu täze sport desgalary, adatça, tehniki taýdan çylşyrymly toplumlar bolup, olary döretmäge uly möçberdäki intellektual we pul serişdeleri zerurdyr. Bu ýagdaýlar sport desgalarynyň bazar gymmatyna gönüden-göni täsir edýär. Sport desgalaryny maliýeleşdirmek çylşyrymlydyr we gymmatlydyr. Bu ugurda amala aşyryljak taslamalar hemmetaraplaýyn öwrenilmelidir we hasaplanylmalydyr.
Sport desgalaryna goýlan maýa goýumlary göni girdeji getirmek bilen, ýakyn wagtyň dowamynda 4-5 ýylda özüni ödeýär, şeýle hem gurlan sport desgalary geçirilýän iri ýaryşlaryň aralygynda, ýerli türgenler we bedenterbiýeçiler tarapyndan peýdalanylýar, bu bolsa, olaryň ruhy we fiziki saglyklaryny berkidýär, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrýar, netijede, çägiň ilatynyň durmuş şertlerini gowulandyrýar we gytaklaýyn peýda berýär.
Halkara derejesindäki iri sport çäreleri ykdysadyýetiň bu ugurlaryndan başga-da hojalyk toplumynyň beýleki käbir ugurlaryna hem oňyn täsir edýär. Hususan-da, sport çärelerine gatnaşyjylaryň (türgenler, tälimçiler, janköýerler we beýlekiler) sowgatlyklara, iýmite, syýahata, güýmenjelere bolan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça geçirilýän işler, hyzmatlar sferasynda söwdanyň we telekeçiligiň, hasaplaşyk-bank ulgamynyň, mahabat işewürliginiň hem-de jemgyýetçilik iýmitiniň ösmegine duýarlykly täsir edýär.
Adamlar daşary ýurtlara baranlarynda şol ýurtlaryň halklarynyň medeniýeti, däp-dessurlary we adatlary bilen tanyşýarlar, özara gatnaşyklary ýola goýýarlar, biri-birlerine gowy düşünip başlaýarlar. Bu ýagdaý halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine oňyn täsir edýär.
Olimpiýa oýunlary sportuň, medeniýetiň, halkara hyzmatdaşlygyň üsti bilen parahatçylyk, dostluk hem-de ylalaşyk ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmeginiň özboluşly ädimidir. Sport adamlary sagdynlyga getirmekden başga-da, halklaryň we ýurtlaryň arasynda özara dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine badalga berýär. Türkmenistan döwletimiz halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýurtlaryň we sebitleriň arasyndaky ynamy pugtalandyrmagyň, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm guraly hökmünde garaýar. Nesip bolsa, Aşgabat Aziadasy diňe bir iri sport baýramy hökmünde däl, eýsem, parahatçylygyň, dostlugyň, gözelligiň baýramçylygyna öwrüler.
Biz merdana halkymyzyň jan saglygy, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işlerinde hemişe rowaçlyk arzuw edýäris! Berkarar döwletimiziň ýygyndy toparlarynyň türgenleriniň köp medal gazanyp, iň ýokary baýrakly orunlara mynasyp boljakdyklaryna uly ynam bildirýäris!
Oguljan ATDAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy.