Bu günler eziz Watanymyzyň ähli künjegini gurşap alan baýramçylyk ruhy ählimiziň kalbymyzda üýtgeşik galkynyşy, joşguny döredýär. Dabaraly açylyşy ertir boljak Aşgabat Aziadasyna taýýarlyk çäreleri milli öwüşginli toý-baýrama öwrülýär.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2010-njy ýylyň dekabrynda 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi netijesinde, ýurdumyzda oýunlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça taryhy işler geçirildi. Şu geçen 7 ýylyň dowamynda işjeň amala aşyrylan taýýarlyk işleri “Aşgabat 2017” oýunlarynyň üstünlikli Aziýa oýunlarynyň birine öwrüljekdigine hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek, degişli düzümi döretmek, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri hem-de bilimli adamlary terbiýelemekde guwandyryjy üstünlikler gazanyldy. Milli Olimpiýa komitetiniň başlygy, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagyna – Hormat ordenine mynasyp bolan hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi bilen sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde milli Liderimiziň başlangyjy bilen bina edilen döwrebap sport merkezleri, stadionlar, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary hereket edýär. Her ýyl “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” diýen şygar astynda mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň, edara-kärhana işgärleriniň arasynda sport ýaryşlary geçirilýär. Her ýylyň aprelinde “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäresini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Iri möçberli “Aşgabat 2017” taslamasy ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösdürilmegine itergi berdi. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bedenterbiýe-sport hereketi ýaş nesli ahlak taýdan terbiýelemekde hem uly ähmiýete eýe boldy.
Ojaga hormat goýmak däbi hem-de döwrebaplylygy birleşdirýän owadan görnüş bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawyny ýakmak dabarasy guraldy. Gün şöhlesi ýaýdan atylyp, asmanda okgunly uçup barýan peýkamyň ujunda uçgun döredýär, onuň ýokardan ýere inip, ak öýüň ortasyndaky ojar odunly ojaga düşmegi bilen ojakdaky ojar tutaşyp, ataş ýanyp başlaýar. Köp halklarda bolşy ýaly, türkmenlerde hem öý ojagynyň ody mukaddes hasaplanýar. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň alawynyň müňýyllyklar mundan ozal, dünýä siwilizasiýasynyň merkezleriniň biriniň gülläp ösen ýeri bolan gadymy Marguş topragynda ýakylmagynyň özboluşly manysy bardyr. “Ot bolçulygyň we abadançylygyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, biz ýakyn geljekde diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebitiň halklary üçin hem rysgal-bereket getirjek dünýäde iň uly “Galkynyş” gaz ojagyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawyny milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ýakmagy makul bildik” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Halkymyzyň şöhratly ady onuň taryhyň ähli döwürlerinde-de milli gymmatlyklaryny aýawly saklap, asyrlaryň jümmüşinden şu güne alyp gelenligindedir. Her bir işde millilige aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen iri sport bäsleşiginiň geçiriljek şäherçesiniň binagärlik bezeg işleri halkymyzyň milli ruhuna golaý taslanylandyr. “Aşgabat 2017”-ä gatnaşjak türgenlerdir daşary ýurtly myhmanlar her ädimde türkmen ruhuny duýmagy, milletimize mahsus gymmatlyklary görüp bilerler. Milli gymmatlyklarymyzyň dünýäniň dürli künjeklerinden gelen myhmanlaryň kalbynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza, asly halal halkymyza hormat duýgusyny döretjekdigi, ösdürjekdigi ikuçsuzdyr. Bu bolsa, Aşgabat Aziadasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýär. Çünki bu sport çäresi diňe bir ynsanlaryň beden sagdynlygynyň görkezijisi bolman, sport arkaly ruhubelentligiň, dostlugyň dabaralanýandygynyň-da aýdyň nusgasyna öwrülmelidir. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň şygary hökmünde “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” jümlesiniň saýlanyp alynmagy-da hut şonuň üçindir.
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň nyşany hökmünde ahalteke bedewiniň kelle şekiliniň kabul edilmegi, Olimpiýa şäherçesiniň stadionynyň depesinde şol şekiliň goýulmagy, şäherçäniň çyra sütünleriniň çarpaýa galyp duran bedewe çalym etmegi, Aşgabat Aziadasynyň alawyny parlatjak jamyň umumy görnüşiniň ahalteke atynyň öň aýagyna meňzemegi ýaly alamatlar hem myhmanlarda ýakymly duýgy döredip, halkymyzyň millilige, behişdi bedewe goýýan belent sarpasynyň aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen milli mirasymyzda özboluşly orny bolan alajanyň hem-de ýüzärligiň Aşgabat Olimpiýa stadionynyň esasy aýratynlygyna öwrüljek bedewiň şekilinde we Olimpiýa jamynda ornaşdyrylmagy ähli halkymyz tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy. Aýlawlary baglan bedewleriň boýnuna alaja dakmak halkymyzyň gadymdan gelýän dessurlarynyň biri. Aşgabat Olimpiýa stadionynyň ajaýyp binagärlik gurluşyndan mynasyp orun alan bedewiň döşlügine ýerleşdirilen alaja milli gymmatlyklarymyzyň ýene bir ýola belende göterilmeginiň nyşany boldy.
Aşgabat Aziadasy Watanymyz üçin türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň hakyky ruhuny görkezmäge täze mümkinçilikdir. Bu iri sport çäresi nesilleriň sporta bolan höweslerini ösdürmekde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde täsirli çäredigine oňa taýýarlyk görmegiň barşynda hem şaýat bolduk. Milli däp-dessurlarymyzy, milli gymmatlyklarymyzy ýaýbaňlandyrmakda, milli ýörelgeler bilen ýaş nesli terbiýelemekde hem Aşgabat Aziadasynyň täsirli waka bolup durýandygy aýratyn guwandyryjydyr.
Batyr Berdiýew,
Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.