21-nji aprelde, ählihalk tarapyndan bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Açyk maneži ulanmaga bermek dabarasy boldy, şeýle hem ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy geçirildi.
… Şol gün irden döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Aşgabat atçylyk sport toplumynda gurlan täze desganyň esasy girelgesine geldi.
Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar. Baýramçylyk dabarasy mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler, il sylagly ýaşulular, atçylar, seýisler, çapyksuwarlar, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň wekilleri, şeýle hem ahalteke bedewleriniň köpsanly muşdaklary ýygnandylar. Myhmanlaryň hatarynda paýtagtymyzda her ýyl atçylyk ulgamynyň hünärmenleriniň we bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilýän halkara forumlaryna –Halkara atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisine hem-de Halkara sergi-ýarmarkasyna we “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VIII halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar bar.
Soňra döwlet Baştutanymyz şowhunly el çarpyşmalaryň astynda dabaraly ýagdaýda täze Açyk manežiň toý bagyny kesýär we onuň çäginden ýöräp geçýär. Ýygnananlaryň ählisi “Arkadaga, şöhrat!” diýip, milli Liderimizi mübärekleýärler.
70 gektar meýdanda ýerleşýän bu desga tutuş atçylyk sport toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde guruldy we özüne wip-münberi, her biri 300 orunlyk, tomaşaçylar üçin niýetlenen iki münberi, ýaryş konkur meýdançasyny (8,2 müň inedördül metrden gowrak), türgenleşik meýdançasyny (0,32 gektar), dürli hojalyk we kömekçi tehniki desgalary, awtoulag duralgasyny birleşdirýär. Konkur manežiniň özi toprak ýodajykly gönüburçly meýdança görnüşindedir, onuň uzynlygy 100 metr, ini bolsa 50 metre barabardyr. Ýodajyklaryň ugrunda wideotablo ornaşdyryldy. Manežiň meýdançasy, abadanlaşdyrylyşy we enjamlaşdyrylyşy bu ýerde halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.
… Türkmenistanyň Prezidenti Açyk manežiň wip gatynda özi üçin niýetlenen ýere geçip oturýar. Alypbaryjy milli Liderimizi we baýramçylyk dabara gatnaşýanlaryň ählisini mübärekleýär, konkur barada gürrüň berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça konkur Aziada-2017-niň sport ýaryşlarynyň maksatnamasyna girizildi.
Atçylyk sport tomaşasy başlanýar.
Milli sazyň owazynyň astynda konkur meýdança ajaýyp bedewlere atlanan türgenleriň 10-sy çykýar. Olar bir aýlaw edip, bir hatara düzülýärler hem-de tomaşaçylary mübärekleýärler, şondan soňra konkuryň tilsimlerini görkezýärler, dürli beýiklikdäki päsgelçiliklerden ynamly böküp geçmegi başaran çapyksuwarlaryň we atlaryň sazlaşykly hereketi tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz golf-mobilde Açyk manežden atçylyk sport toplumynyň baş binasyna tarap ugraýar. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň zehinine baha berip, özi üçin niýetlenen ýere geçip oturýar. Münberlerde Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we atçylyk pudagynyň işgärleri, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler bar.
Sportuň bu gyzykly görnüşinden hemmeler lezzet alýarlar. Bu gezek ahalteke bedewleri ýedi çapyşykda öz ýyndamlygyny görkezdiler. Çapyşyklaryň her birine 10 at goşuldy.
Nobatdaky çapyşygyň jemleri jemlenip, ýeňijileri sylaglamak çäresi tamamlanandan soň, hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygyna, hökümet agzalaryna, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine özüniň täze döreden “Gadamy batly bedew” atly kitabyny sowgat berdi.
Durky doly täzelenip döwrebap derejede abadanlaşdyrylan, täze görnüşe giren aýlawda Türkmen bedewiniň şanyna baýramçylyk dabaralarynyň guralmagy, bu ýerde ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda bäsleşikleriň geçirilmegi ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän atçylyk ýörelgeleriniň we bu ugra degişli ýagşy dessurlaryň dowamat-dowam bolýandygyny alamatlandyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe behişdi bedewlerimiziň öz gözelligi hem-de syrdamlylygy bilen haýran galdyryp, ýeten belentlikleri milli atçylyk mekdebimiziň täze taryhy eýýamda hem ajaýyp däp-dessurlarymyzy üstünlikli dowam etdirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly bolsa bu asylly ýörelgelere kuwwatly itergi berýär.