Formula 1 boýunça möwsümiň 3-nji ýaryşynda-da “Mersedes” toparynyň germaniýaly sürüjisi Niko Rosberg ýeňiji boldy. Geçen möwsümi-de hasaba alanyňda, bassyr 6-njy ýeňşini baýram eden Niko Rosberg Hytaýyň Şanhaý şäherindäki 56 aýlawlyk ýaryşa 1-nji hatardan başlap, ol 1 sagat 38 minut 53,891 sekuntda pellehana geldi. Başlangyçda liderligi 2-nji bolup ýaryşa goşulan awstraliýaly Daniel Rikkiardo aldyran Rosberg 37-nji aýlawda ymykly 1-njilige geçdi. Ony şondan soňky 19 aýlawda owsarlan bolmady. Bu onuň F1 karýerasyndaky 17-nji ýeňşidir. Rosbergden 37,7 sekunt yza galan Sebastian Wettel (“Ferrari”) 2-nji, 45,9 sekunt az netije görkezen Daniýl Kwýat (“Red Bull”) 3-nji ýeri eýeledi. Russiýaly pilot Kwýatyň topardaşy Daniel Rikkiardo 4-nji, Wetteliň topardaşy finlýandiýaly Kimi Raikkonen 5-nji orna mynasyp boldy. “Williamsdan” Felipe Massanyň 6-njy bolan ýaryşynda, iň soňky orundan başlamaly diýlip, jerime berlen britaniýaly Lewis Hamilton (“Mersedes”) diýseň ýokary netije görkezdi we 7-nji ýeri eýeledi. “Toro Rossonyň” pilotlary degişlilikde, gollandiýaly Maks Werstappen 8-nji hem-de ispaniýaly Karlos Sains 9-njy, şol sanda “Williamsyň” fin sürüjisi Waltteri Bottas 10-njy bolup, pellehanadan geçdi.
Bu ýaryşdan soň, 75 utuk toplan Niko Rosberg liderligini dowam etdirýär. 2-nji we 3-nji basgançakdaky Lewis Hamiltonyň 39, Daniel Rikkiardonyň 36 utugy bar. Möwsümiň 4-nji “Gran Prisi” 1-nji maýda Russiýanyň Soçi şäherinde geçiriler.