Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, häzirki döwürde durmuşymyzyň ähli ugurlary ýokary ösüşlere beslenýär. Gazanylýan ýokary üstünlikler, merdana halkymyzyň parahat, bolelin ýaşaýyş-durmuşy, ata Watanymyzyň ýylsaýyn belende galýan halkara abraýy milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryny baýdak edinip gurýan, döredýän raýatlarymyzy täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Türkmenistan döwletimiziň dünýäde durnukly ösýän ýurtlaryň hataryna ymykly goşulandygyny, munuň türkmen halkynyň durmuşynda, gözel paýtagtymyzyň kaşaň binagärlik keşbinde aýdyň görünýändigini “Aşgabat 2017”-niň açylyş dabarasyna gatnaşan dostlukly ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň-da, halkara jemgyýetçilik, sport guramalarynyň ýolbaşçylarynyň-da, ýaryşa gelen türgenleriň-de, myhmanlaryň-da uly guwanç bilen tassyklandyklary diýseň buýsançlydyr. Indi dünýäniň dürli künjeklerinden gelen myhmanlar biziň dünýä derejeli syýahatçylyk, myhmanhana, saglyk, sport merkezlerimiziň, iň kämil uçar, ulag, aragatnaşyk serişdelerimiziň bardygyna, islendik derejedäki halkara maslahatlary, forumlary, sport ýaryşlaryny, medeniýet, sungat çärelerini geçirmäge mümkinçiligimiziň ýokary derejelidigine anyk göz ýetirýändikleri bizi diýseň begendirýär.
Hakykatdan-da, Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen berkarar döwletimiz ýokary ygtybarly ykdysady gora eýedir. Çünki, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ägirt uly tebigy baýlyklary bolan döwletimiziň gaz senagaty, agyr senagat, oba hojalygy, dokma, azyk we beýleki ähli ugurlar bilen bir hatarda, döwlet gaznasyna ägirt uly girdejileri getirýän elektroenergetika pudagy okgunly ösüşe eýe bolýar. Taryh üçin gysga döwrüň içinde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzyň töwereginde kuwwatly energetika halkasy döredildi.
Hormatly Prezidentimiz: “Türkmenistanda energiýa serişdeleriniň baý gorlary bar. Bu baýlyklary örän ýerlikli we tygşytly ulanmak hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirmek biziň öňde goýýan esasy maksatlarymyzyň biridir” diýip, jaýdar belleýär. Bu işler “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaşyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda” öz aýdyň beýanyny tapýar. Netijede, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmekde iňňän uly öňegidişlikler gazanylýar. Muny gijeleri gündizlige öwrülen gözel paýtagtymyzyň, welaýat etrap merkezlerimiziň, şäherlerdir obalarymyzyň nur saçýan keşbiniň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.
Häzirki döwürde ýurdumyz energetika babatynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Muny şu ýylyň 30-31-nji maýynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Maslahatynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň Halkara Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty bilen bilelikde “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” mowzugy boýunça geçiren Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat forumy hem aýdyň tassyklady. Halkara Energetika Hartiýasynyň duşuşygynyň işine agza we synçy ýurtlaryň, halkara energetika we maliýe guramalarynyň, energetika şereketleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň ýokary wezipeli adamlary, esasy bilermenler gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk häzirki döwürde durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Bu möhüm ulgamda özara bähbitleriň deňagramlylygy esasynda guralýan deňhukukly halkara hyzmatdaşlyk uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, durnukly ählumumy ösüşiň möhüm bölegidir. Şu günki günde Energetika Hartiýasy BMG-niň Baş sekretarynyň 2014-nji ýylda çap edilen “Energiýa göterijileriň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi, şeýle-de onuň halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny” atly hasabatynda beýan edilen energetika babatynda üstaşyr geçirmek meselelerini ugrukdyryjy hökmünde ýuridiki gural bolup durýar. Häzirki wagtda dünýäniň 80-den gowrak ýurduny özünde jemleýän Halkara Energetika Hartiýasyna goşulyşmak – munuň özi agzalaryň hemmesi üçin hökmany bolan we maýa goýumlary we energetika söwdasy bilen bagly töwekgellikleri ýoga çykarýan bitewi kadalary ulanmagyň hasabyna energetikada hukuk kadalarynyň pugtalanmagyny maksat edinýän Şertnama tarap ädilen ilkinji ädimdir.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli pudaklaryny durnukly ösüşlere eýe etmek, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýyl-ýyldan pugtalandyrmak, merdana halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrundaky ähli işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Annagözel NURYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň uly mugallymy.