Hytaýyň hökümeti 2025-nji ýyldan başlap, ýurduň çäginde benzin hem-de dizel ýangyjy bilen işleýän ulaglary ulanmagy ýatyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär. Neşirleriň habar bermegine görä, bu ýagdaý ýurtda howanyň hapalanmagynyň öňüni almaga uly ýardam berer.
Ýerli we daşary ýurt awtoulag öndürijilerine elektrik togy bilen hereketlenýän hem-de gibrid, ýagny kiçi ulaglary öndürmäge rugsat berler. Şeýlelikde, “Volkswagen”, BMW, “Mercedes” we PSA ýaly iri awtomobil kompaniýalary hytaýly hyzmatdaşlary bilen bilelikde, önümçilik kärhanalaryny döredip, şol ýerde-de energiýanyň arassa görnüşi bilen hereket edýän ulaglaryň önümçiligini ýola goýýarlar we bu ugurda köp milliardlyk maýa goýum taslamalaryny amala aşyrarlar. Metbugatdaky habarlara görä, “Volkswagen” kompaniýasy bu ugurdaky täze taslamalar üçin 20 milliard ýewro maýa goýmagy göz öňünde tutýar.
Hytaýly bilermenleriň çaklamasyna görä, 2018-nji ýylyň ahyryna çenli elektrik togy bilen işleýän hem-de gibrid ulaglaryň sany 8 göterim artar. 2020-nji ýylda bu görkeziji 12 göterime, 2025-nji ýylda bolsa, 20 göterime deň bolar. Şeýlelikde, ýene-de 8 ýyldan Hytaýdaky täze ýeňil awtoulaglar ekologiýa taýdan arassa ulag serişdelerine öwrüler.