Mark Bamont atly welosiped sürüjisi Ýeriň daşyndan aýlanmak rekordyny täzeledi. Ussat welosipedçi bu aýlawy ozalky rekorddan 44 gün ir tamamlamagy başardy. Bamont 2008-nji ýylda bu ýoly 184 günde külterläpdi. Emma ondan soňra bu rekord birnäçe gezek täzelenip, 123 günde geçilipdi. Bamont öz maksadyna ýetmek üçin her günde ortaça 386 kilometr geçmelidi. Ol Parižde tamamlanan syýahatynyň dowamynda her gün 16 sagatlap welosiped sürdi we bary-ýogy 5 sagat uklady. Ol meşhur fransuz ýazyjysy Žýul Werniň “80 günde dünýäni aýlanmak” romanyndan ylham alpdyr. Iňlis türgeni 2-nji iýulda Parižden ýola rowana bolup, Ýewropadan Russiýa, Mongoliýa, Hytaý aralygyny geçipdir.
Barmont sportuň saglygy berkitmekde ähmiýetiniň uludygyny belleýär.