Baş­lan­gyç synp­lar­da öw­re­dil­ýän kö­pelt­mek tab­li­sa­sy­ny ýat­dan bil­mek ta­kyk bi­lim­le­ri öw­re­nilen­de örän ze­rur­dyr. Şol se­bäp­li ony ki­çi ýaş­da öw­ren­mek­lik beý­le­ki ders­le­ri­mi­ze hem oňat dü­şün­mä­ge ýar­dam edýär. Ony ýat­la­mak üçin kä­bir aň­sat ýol­lar bar. Onuň iň ýe­ňi­li ýa­zyp hem-de okap öw­ren­mek­dir. Bir­lik san­dan baş­lap, do­ku­za çen­li ýe­ňil ýat tu­tul­ma­ly. Il­ki bir­lik sa­nyň is­len­dik san bi­len kö­pel­di­len­de hem, şol sa­nyň çyk­ýan­dy­gy bi­lin­me­li. Il­ki has ki­çi san­lar öw­re­ni­lip, tap­gyr­la­ýyn ýat­la­nyl­sa, has aň­sat bol­ýar. Hem­me san­lar öw­re­ni­len­den soň­ra ola­ryň je­mi bir­wagt­da gaý­ta­dan ýa­zy­lyp, dil bi­len gaý­ta­la­nylan­da ýat­da go­wy gal­ýar. Soň­ky tap­gyr­da bol­sa, ga­ry­şyk ýag­daý­da, ýag­ny is­len­dik sa­nyň kö­pel­dil­me­gi­ni öw­re­nip, öw­ren­män­di­gi­ňi­zi bar­lap gö­rüň. Eger-de bu ýag­daý­da kyn­çy­lyk çek­se­ňiz özü­ňiz­den ulu­lar­dan kö­mek so­ra­ma­gy unut­maň!
Tab­li­sa­ny ýat tut­mak bi­len bir­lik­de, esa­sy zat san­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şy­gy, kö­pelt­me­giň lo­gi­ka­sy­ny bil­mek­dir. Bu ýag­da­ýa ma­za­ly dü­şün­mek, si­ziň dur­mu­şy­ňy­zy hem-de işi­ňi­zi ýe­ňil­leş­di­rer.