Koreýanyň “Samsung” kompaniýasynyň “Charm” atly täze “akylly” bilezigi satuwa çykaryldy. Şeýle enjamlary öndürýän kompaniýa az däl. Ilkinji gezek şu ýylyň fewralynda Barselonada geçirilen mobil enjamlaryň sergisinde tanyşdyrylan “Charm”-yň gara, ak we gülgüne reňklileri bar. Onuň bagy hem şol reňklerde. Ol LED ekrany arkaly günüň dowamynda äden ädimiň sanyny, ýöräp geçen ýoluňy we näçe kaloriýa sarp edendigiňi görkezýär. “Bluetooth” aýratynlygy sebäpli bu maglumatlary smartfon arkaly hem görmek mümkin. Onuň batareýasy 14 güne ýetýär. Enjam ilkinji nobatda öz ata watany bilen bir hatarda Italiýa, Fransiýa we Russiýada satuwa çykaryldy. Golaýda beýleki ýurtlarda hem müşderilere hödürlenjek enjamyň bahasy 40 ýewro.