Ýur­du­my­zyň fut­bol çem­pio­na­tyn­da 2-nji aý­law ta­mam­lan­dy. Sa­na­wyň li­de­ri “Al­tyn asyr” soň­ky tap­gyr­da “Tu­ra­ny” 8–1 ha­sa­byn­da ýeň­me­gi ba­şar­dy. Oýun­da Sü­leý­man Mu­ha­dow bi­len Wa­hyt Oraz­sä­he­do­wyň her­si 3 gol­dan ge­çir­di. Soň­ky tap­gyr­da “Ener­ge­tik” “Bal­ka­ny” Tir­kiş Mu­ham­met­ber­di­ýe­wiň ýe­ke-täk go­ly bi­len 3 utu­gyň eýe­si bol­dy. “Ýe­di­gen” to­pa­ry “Şa­ga­da­my” Hem­ra Aman­mäm­me­dow bi­len Pir­my­rat Sul­ta­no­wyň gol­la­ry esa­syn­da myh­man­çy­lyk­da 2–1 ha­sa­byn­da ut­dy. “Kö­pet­dag” bi­len “Ahal” 1–1, “Aş­ga­bat” bi­le­nem “Merw” 0–0 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy­lar. Gal­dy­ry­lan oýun­lar­da “Al­tyn asyr” 2-nji ha­tar­da­ky “Ener­ge­ti­gi” 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war edip, ara­ny ep-es­li aç­ma­gy ba­şar­dy. “Al­tyn asyr” gal­dy­ry­lan ýe­ne bir du­şu­şyk­da-da “Kö­pet­dag” bi­len 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nap, 1 utu­gy paý­laş­dy.
18-nji tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry:
“Aş­ga­bat”–“Merw”: 0–0, “Kö­pet­dag”–“Ahal”: 1–1, “Şa­ga­dam”–“Ýe­di­gen”: 1–2, “Ener­ge­tik”–“Bal­kan”: 1–0, “Al­tyn asyr”–“Tu­ran”: 8–1
(8-nji tap­gyr­dan ga­lan oýun):
“Ener­ge­tik”–“Al­tyn asyr”: 1–3
(10-njy tap­gyr­dan ga­lan oýun):
“Kö­pet­dag”–“Al­tyn asyr”: 1–1.