Her ýyl­da dün­ýä­niň iň güýç­li komp­ýu­ter­le­ri mä­lim edil­ýär. Go­laý­da su­per­komp­ýu­ter­le­riň il­kin­ji 500-li­gin­de (Top 500) Hy­ta­ýyň “Sun­way Tai­hu Light” komp­ýu­te­ri bi­rin­ji bol­dy. Wusi şä­he­rin­dä­ki su­per komp­ýu­ter mer­ke­zin­dä­ki komp­ýu­ter 93 pe­taf­lop tiz­li­ge eýe. Ýag­ny 93 tril­li­on ama­ly ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­ýär. Bu önüm­çi­lik ho­wa ýag­da­ýy­nyň çak­la­ma­sy we mag­lu­mat sel­jer­me­si ýa­ly ugur­lar­da peý­da­la­nyl­ýar. Komp­ýu­ter­de hem­me­si şu ýurt­da iş­le­nip dü­zü­len 10,5 mil­li­on ama­ly ul­gam ýad­ro­sy we “Li­nux” ama­ly ul­ga­my bar. Ger­ma­ni­ýa­nyň Frank­furt şä­he­rin­de ge­çi­ri­len su­per­komp­ýu­ter mas­la­ha­tyn­da bu sa­naw 47-nji ge­zek ýaý­ra­dyl­dy. Bu sa­naw ýyl­da iki ge­zek ýaý­ra­dyl­ýar.
Şu ge­zek­ki sa­na­wa Hy­ta­ýyň 167 komp­ýu­te­ri gi­ri­zi­lip­dir. Ol bu ugur­da bi­rin­ji ýe­ri eýe­le­di. Mun­dan 10 ýyl ozal, sa­naw­da Hy­ta­ýyň 28 komp­ýu­te­ri bar­dy.
500 komp­ýu­te­riň ara­syn­da ABŞ-nyň 165 komp­ýu­te­ri bar. Il­kin­ji on­luk­da bol­sa, ABŞ-nyň 4, Hy­ta­ýyň 2 komp­ýu­te­ri bar. Ýa­po­ni­ýa­nyň, Şweý­sa­ri­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň we Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň hem komp­ýu­ter­le­ri il­kin­ji on­luk­da özü­ne orun ta­pyp­dyr.