Elektron kitaplary we eserleri satmak bilen meşgullanýan “Amazon” kompaniýasy çagalar üçin ýörite enjam taýýarlady. Golaýda satuwa çykarylan “Kindle for Kids” atly elektron kitap diňe körpelere niýetlenipdir. Okamaga höwesi artdyrmak maksady bilen taýýarlanan elektron kitapda çagalar üçin müňlerçe gollanma bar. Körpeje okyjylar özleri üçin ýörite taýýarlanan sözlüklerden, hekaýadyr beýleki eserlerden peýdalanyp bilýärler.
Çyrasynyň ýoklugy sebäpli garaňky ýerde ulanyp bolmaýan enjam daşky şekiliniň hem üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar. Ýuka we ýeňil bolan elektron kitabyň bäş reňkli daşlygy bar. Agramy 161 gram bolan “Kindle for Kids”-iň daş gaby ony çyzylmakdan goraýar. 4 GB içki ýady bolan enjam 100 dollardan satuwa çykaryldy.