Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmekde örän uly ähmiýete eýe bolan maldarçylyk pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatyny öz ýurdumyzda öndürilýän, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada yzygiderli alada edýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýunda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz bu ugurda möhüm ähmiýetli Karara gol çekdi. Bu resminama bilen, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine ýerli gurluşyk kärhanalary bilen Ahal, Lebap hem-de Mary welaýatlarynda häzirki zaman maldarçylyk toplumlarynyň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2016-njy ýylyň iýun aýynda girişmek we maldarçylyk toplumlaryny 2018-nji ýylyň iýun aýynda doly taýýar edip ulanmaga tabşyrmak bellenildi.
Telekeçiler ýurdumyzyň sarp ediş bazarynda azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmekde, et-süýt önümleriniň öndürilişini artdyrmakda, ownuk we iri şahly mallary ösdürip ýetişdirmekde uly işleri alyp barýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012—2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda guş etini we ýumurtga öndürjek guşçulyk hojalygy, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda et we süýt öndürjek maldarçylyk toplumy, başga-da birnäçe oba hojalyk we azyk ugurly kärhanalar işe girizildi.
Şeýle toplumlaryň biri hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda açylan maldarçylyk toplumydyr. Bu toplum ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Sahawatly” hojalyk jemgyýeti tarapyndan döredilendir. Toplumda gara mallaryň 500-e golaýy, şol sanda saýlama görnüşleri bar. Olaryň 200-si sagylýan sygyrlardyr. Maldarçylyk toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 2 müň tonna süýt we süýt önümlerini hem-de 30 tonna et önümlerini öndürmäge niýetlenendir. “Ýumak” hususy kärhanasy tarapyndan Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda ýylda 500 tonna et öndürjek maldarçylyk hojalygy işe girizildi.Şeýle maldarçylyk toplumlarynyň işe girizilmegi ýurdumyza import edilýän et we et önümleriniň, süýt-ýag önümleriniň möçberlerini azaltmaga, içerki bazarlarymyzda isleg bildirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmäge mümkinçilik döredýär.
Arkadag Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi bilen bir hatarda, pudagyň kanunçylyk binýady hem berkidilýär. 2014-nji ýylyň ahyrynda kabul edilen “Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda weterinariýa işiniň hukuk, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Bu Kanun mallary dürli kesellerden gorap saklamak, bejermek, adamlar hem-de mallar üçin umumy bolan kesellerden ilatymyzy goramak, haýwanlaryň ýokanç keselleriniň daşary ýurtlardan ýurdumyzyň çäklerine aralaşmagyna ýol bermezlik, maldarçylyk we guşçulyk önümleriniň, ot-iýmleriň, ot-iým goşundylarynyň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny düzgünleşdirmäge mümkinçilik berýän esasy resminama bolup durýar.
Maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakda, ýokary hilli maldarçylyk önümlerini öndürmekde mallaryň baş sanyny köpeltmek bilen bir hatarda olaryň tohumuň hilini ýokarlandyrmagyň uly ähmiýeti bar. Ýurdumyzda ösdürilýän oba hojalyk mallarynyň dürli görnüşleriniň nesil goruny saklamak, kämilleşdirmek, ýerli şertlere uýgunlaşan, ýokary önümli mallaryň täze toparlaryny döretmek maldarçylykda tohumçylyk işiniň esasy ugurlarydyr. Bu ulgamyň kanunçylyk binýadyny berkitmek maksady bilen, “Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunyň maksady maldarçylykda tohumçylyk işiniň hukuk, guramaçylyk esaslaryny kesgitlemekden hem-de tohum maldarçylygy babatda ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklaryny düzgünleşdirmekden ybaratdyr. Tohum mallaryň, tohumlyk önümiň Türkmenistana getirilmegi we ýurdumyzdan çykarylmagy, tohum maldarçylygy babatda işi ygtyýarlylandyrmak, sertifikatlaşdyrmak, standartlaşdyrmak hem-de ätiýaçlandyrmak ýaly meseleleri düzgünleşdirmäge hem Kanunda uly orun berilýär.
Öri meýdanlary ýylyň ähli pasyllarynda dowarlaryň we düýeleriň esasy hem-de iň amatly ot-iým çeşmesi bolmak bilen, maldarçylygyň bu esasy pudaklarynyň ösişi, önümliligi çöl örüleriniň ýagdaýyna gönüden-göni baglydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda mallaryň baş sanynyň birnäçe esse artmagy sebäpli öri meýdanlarynda mal bakmagyň mümkinçiliklerini has-da artdyrmak, suw üpjünçiligini gowulandyrmak, örüleriň ulanylyşyny düzgünleşdirmek, ýaramazlaşan ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, mümkin bolan ýerlerde bolsa, emeli usulda ýokary hasylly örüleri döretmek uly ähmiýete eýedir.
Leýla ERGEŞOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.